HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Uly utuşly baýrak beriljekdigi yglan edilen Türkiýäniň tehnologiýa bäsleşigi üçin arzalar kabul edilip başlandy

Oktýabr 24, 2022 | 14:47 |10087
43 million türk lirasy möçberinde uly utuşly baýrak hem gapdalyndan häzirki zaman enjamy goldaw hökmünde beriljek Türkiýäniň TEKNOFEST 2023 halkara tehnologiýa bäsleşigi üçin arzalar kabul edilip başlandy – diýlip,  bu bäsleşigiň guramaçylarynyň metbugat beýanatynda habar berilýär.43 million türk lirasy möçberinde uly utuşly baýrak hem gapdalyndan häzirki zaman enjamy goldaw hökmünde beriljek Türkiýäniň TEKNOFEST 2023 halkara tehnologiýa bäsleşigi üçin arzalar kabul edilip başlandy – diýlip,  bu bäsleşigiň guramaçylarynyň metbugat beýanatynda habar berilýär.
Çeşme:

43 million türk lirasy möçberinde uly utuşly baýrak hem gapdalyndan häzirki zaman enjamy goldaw hökmünde beriljek Türkiýäniň TEKNOFEST 2023 halkara tehnologiýa bäsleşigi üçin arzalar kabul edilip başlandy – diýlip, bu bäsleşigiň guramaçylarynyň metbugat beýanatynda habar berilýär.

Dünýädäki iň uly tehnologiýa bäsleşikleriniň biri awiasiýa, kosmos we tehnologiýalara bagyşlanan TEKNOFEST festiwalynyň çäklerinde 2023-nji ýylyň 30-njy aprelinden 6-njy maýyna çenli Stambulda Atatürk adyndaky halkara howa menziliniň çäginde geçiriler.

Стартовал прием заявок на турецкий технологический конкурс с крупных призовым фондом

TEKNOFEST 2023 festiwalynyň çäklerinde başlangyç synp okuwçylary üçin 8 ugur, orta mekdep okuwçylary üçin 9 ugur, orta mekdebiň ýokary synp okuwçylary üçin 29 ugur, talyplar üçin 37 ugur, uçurymlar, telekeçiler we işewürlige täze girişenler üçin 24 ugur boýunça bäsleşikler guralar.

Bäsleşigiň ugurlarynyň arasynda «Hemrany modelirleme», «Ulagda emeli intellekt», «Biotehnologiýadaky innowasiýalar», «Senagat üçin sanly tehnologiýalar», «Uçýan awtoulaglaryň dizaýny», «Bilim tehnologiýalary», «Oba hojalygynyň tehnologiýalary» we beýlekiler.

2022-nji ýylda TEKNOFEST bäsleşigine Türkiýäniň ähli sebitlerinden we dünýäniň 107 ýurdundan 600 müňden gowrak dürli ýaşdaky adamlar gatnaşdy. TEKNOFEST 2023 festiwalynyň guramaçylary bolup Türkiýäniň Önümçilik tehnologiýasy topary, Türkiýäniň Senagat we tehnologiýalar ministrligi, Türkiýäniň öňdebaryjy tehnologiýa korporasiýalary we uniwersitetleri çykyş edýärler.

Festiwal we bäsleşik boýunça goşmaça maglumatlary şu görkezilen saýtdan alyp bilersiňiz: teknofest.org.

ORIENT news
Surat: teknofest.org

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Himiki önümleri we kömekçi materiallary satyn almak boýunça halkara tender

Himiki önümleri we kömekçi materiallary satyn almak boýunça halkara tender

20:30 Awgust 11, 2026
Stambulda 37-nji UNICERA Halkara keramika we aşhana enjamlary sergisi geçiriler

Stambulda 37-nji UNICERA Halkara keramika we aşhana enjamlary sergisi geçiriler

18:23 Awgust 11, 2026
Millionda bir tötänlik. Türkmen çölleriniň ak altyny: dünýä himiýasyny üýtgeden açyşyň taryhy

Millionda bir tötänlik. Türkmen çölleriniň ak altyny: dünýä himiýasyny üýtgeden açyşyň taryhy

23:05 Awgust 10, 2026