HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkiýe Hazaryň üsti bilen türkmen gazynyň iberilmegine umyt edýär

Dekabr 14, 2022 | 08:07 |11139
“Awazadaky sammit biziň tagallalarymyzyň soňkusydyr we anyk mysalydyr. Energetika, ulag we täjirçilik meseleleri biziň sammitimizň gün tertibiniň esasy ugurlary bolar. Şu sebäpli biz gatnaşyklarymyzyň hukuk esaslaryny berkitmek üçin dürli ylalaşyklara hem gol çekeris” diýip, Rejep Taýyp Ärdogan sişenbe güni Türkiýe-Azerbaýjan-Türkmenistan sammitiniň öňüsyrasyndaky metbugat-maslahatynda aýtdy.“Awazadaky sammit biziň tagallalarymyzyň soňkusydyr we anyk mysalydyr. Energetika, ulag we täjirçilik meseleleri biziň sammitimizň gün tertibiniň esasy ugurlary bolar. Şu sebäpli biz gatnaşyklarymyzyň hukuk esaslaryny berkitmek üçin dürli ylalaşyklara hem gol çekeris” diýip, Rejep Taýyp Ärdogan sişenbe güni Türkiýe-Azerbaýjan-Türkmenistan sammitiniň öňüsyrasyndaky metbugat-maslahatynda aýtdy.
Çeşme:

“Awazadaky sammit biziň tagallalarymyzyň soňkusydyr we anyk mysalydyr. Energetika, ulag we täjirçilik meseleleri biziň sammitimizň gün tertibiniň esasy ugurlary bolar. Şu sebäpli biz gatnaşyklarymyzyň hukuk esaslaryny berkitmek üçin dürli ylalaşyklara hem gol çekeris” diýip, Rejep Taýyp Ärdogan sişenbe güni Türkiýe-Azerbaýjan-Türkmenistan sammitiniň öňüsyrasyndaky metbugat-maslahatynda aýtdy.

“Şeýlelik bilen, biz energetika, ulag, söwda, ykdysadyýet, gümrük, bilim, ylym we medeniýet ulgamlaryna jogap berýän düzümlerimiziň arasynda hyzmatdaşlyk etmegiň netijeli gurallaryny goldarys” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Awazadaky sammitiň esasan tebigy gaz babatda öňe tarap ädim ätmäge gönükdirilendigi barada pikirini beýan edip, Ärdogan: “Ine, şonuň üçin meniň energetika we tebigy serişdeler ministrim bu sammitde ýanymyzda bolar. Biziň şol ýerde bu barada gürrüňlerimiz bolar” diýip aýtdy.

Žurnalistiň Türkiýäniň türkmen gazyny dünýä bazaryna üstaşyr ibermegiň alternatiw ugurlarynyň biri bolup biljekmidigi baradaky sowalyna jogap berip, Ärdogan bu baradaky meseläni türkmen kärdeşi Berdimuhamedow bilen ozal ara alyp maslahatlaşandygyny aýtdy.

“Biz bu meseläni sammitde ara alyp maslahatlaşarys. Türkmen gazynyň biziň ýurdumyza Hazaryň üsti bilen iberiljekdigine umyt edýärin” diýip, Ärdogan žurnalistlere aýtdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

19:00 Noýabr 03, 2026
Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

17:00 Noýabr 03, 2026
Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

14:00 Noýabr 03, 2026