Türkmenistan ÝUNISEF-iň goldawy bilen milli immunizasiýa maksatnamasyna 83 million amerikan dollaryndan gowrak maýa goýýar


BMG-niň Türkmenistandaky Çagalar Gaznasynyň wekilhanasynyň başlygy Muhammet Faýazi guramanyň dürli maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine ýurduň goşýan goşandyny belläp, türkmen tarapynyň ÝUNISEF-iň goldawy bilen ilatyň immunizasiýasy üçin 83 million amerikan dollaryndan gowrak maýa goýýandygyny belledi.
Ol bu barada Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 27 ýyllygy mynasybetli «Neýtralnyý Türkmenistan» gazetine beren teswirinde nygtady.
ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky edarasynyň baştutany häzirki wagtda Türkmensitanyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda immunizasiýa derejesiniň örän ýokarydygyny, şeýle hem ýurduň hökümetiniň tagallalarynyň netijesinde 2002-nji ýylda poliomielit keselini we 2010-njy ýylda bolsa gyzzyrma keselini aradan aýrandygyny aýratyn belledi.
Mundan başga-da, ol netijeli hyzmatdaşlyk etmek arkaly saglygy goraýyş ulgamy güýçlendirildi, çagalaryň boýunyň ösüşiniň yza galmagynyň derejesi peseldi we diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň derejesi bäş esse ýokarlandy, bu diňe bir sebitde däl, eýsem Ýewropada hem iň ýokary görkezijä eýedigini nygtady.
Şeýle hem Muhammet Faýazi häzirki wagtda Türkmenistandaky ähli çaga dogrulýan öýleriň 94 göteriminiň «Baby-Friendly» şahadatnamasyny alandygyny belledi.
ORIENT news
Surat: unsplash.com








