HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ilkinji gezek GDA ýurtlarynyň prezident kitaphanalary birleşigi döredildi

Dekabr 13, 2022 | 23:43 |4770
– Sankt-Peterburg Russiýanyň we GDA ýurtlarynyň prezident kitaphanalary birleşigini döretmek üçin platforma öwrüler – diýip, prezident kitaphanasynyň metbugat gullugy habar berýär, ol ýerde duşenbe güni halkara derejeli täze guramanyň döredilmegi baradaky teswirnama gol çekildi.– Sankt-Peterburg Russiýanyň we GDA ýurtlarynyň prezident kitaphanalary birleşigini döretmek üçin platforma öwrüler – diýip, prezident kitaphanasynyň metbugat gullugy habar berýär, ol ýerde duşenbe güni halkara derejeli täze guramanyň döredilmegi baradaky teswirnama gol çekildi.
Çeşme:

– Sankt-Peterburg Russiýanyň we GDA ýurtlarynyň prezident kitaphanalary birleşigini döretmek üçin platforma öwrüler – diýip, prezident kitaphanasynyň metbugat gullugy habar berýär, ol ýerde duşenbe güni halkara derejeli täze guramanyň döredilmegi baradaky teswirnama gol çekildi.

Sowet döwründen soň şeýle gurama ilkinji gezek döredilýär. Guramanyň işiniň maksatnamasy bilelikdäki çäreleri, tegelek stollary, konferensiýalary we ýygnaklary geçirmegi öz içine alýar. "Assosiasiýa dünýäniň medeni gymmatlyklarynyň giňden elýeter bolmagyna mümkinçilik döreder" – diýlip, habarda bellenilýär.

Şeýle hem, täze gurama döwlet edaralaryna maglumat-analitiki goldaw bermekde tejribe alyşmaga we taryh, kanun, ykdysadyýet, syýasat, medeni gatnaşyklar we öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen baglanyşykly meseleler boýunça çeşmeleriň özara ulanylmagyny üpjün eder.

"Şäher GDA ýurtlarynyň ählisi bilen dostlukly gatnaşyklary saklamaga we pugtalandyrmaga uly üns berýär. Kitaphanalaryň çeşmelerini birleşdirmek hyzmatdaşlygyň ösüşiniň möhüm bölegi bolar – Prezident kitaphanasy tarapyndan GDA ýurtlaryndan bolan hyzmatdaşlary bilen bilelikde yzygiderli esasda çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär – diýlip, habarda Peterburgyň Daşary gatnaşyklar boýunça komitetiniň başlygy Ýewgeniý Grigorýewiň sözleri getirilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
OPEK 2026-njy ýylda dünýäde nebite bolan islegiň ösüş çaklamasyny düýpli peseltdi

OPEK 2026-njy ýylda dünýäde nebite bolan islegiň ösüş çaklamasyny düýpli peseltdi

21:00 Oktýabr 13, 2026
Nebit daşaýan supertankerleriň gatnaw bahasy soňky 60 ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

Nebit daşaýan supertankerleriň gatnaw bahasy soňky 60 ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

19:00 Oktýabr 13, 2026
Microsoft Edge 155 täzelenmesi: goşmaçalary guramagyň kämilleşdirilmegi we howpsuzlygyň güýçlendirilmegi

Microsoft Edge 155 täzelenmesi: goşmaçalary guramagyň kämilleşdirilmegi we howpsuzlygyň güýçlendirilmegi

18:02 Oktýabr 13, 2026