Moskwada ýaş türkmen skripkaçysynyň ýekelikde konserti geçiriler


Moskwada türkmen skripkaçysy, Russiýanyň Gnesinler adyndaky Saz akademiýasynyň asistent-stažýory Aýbölek Muhyýewanyň ýekelikde ilkinji konserti geçiriler. Bu çykyş 15-nji dekabrda Russiýanyň paýtagtyndaky öňdebaryjy ÝOM bolan Saz akademiýasynyň kamera zalynda bolar.

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uçurymy, häzirki wagtda meşhur “Gnesinkanyň” talyby Aýbölegiň bu konserti, hut aspirantyň ylmy işini goramagy ýaly wajyp synag bolup, sazandanyň ussatlygyna baha bermek üçin Russiýanyň saz ulgamynda uly hormatdan peýdalanýan tanymal akademikleri we professorlary, at gazanan we halk artistleri, iň ökde skripkaçylar, şeýle-de halkara we milli bäsleşikleriň ýeňijileri bolan talyplar ýygnanar.

Bir söz bilen aýdylanda, zalda Moskwanyň aýdym-saz dünýäsiniň baýry wekilleri bolar, bu bolsa Türkmenistandan gelen ýaş ýerine ýetiriji üçin uly jogapkärçilik we, elbetde, diýseň tolgundyryjy pursatdyr. Oňa fortepianoda halkara bäsleşikleriň laureaty Azaliýa Soltanowa sazandarlyk eder.
Bu Aýbölegiň Moskwa sahnasynda ýekelikde ilkinji konserti we “Gnesinkanyň” talyby hökmünde, üçünji konserti bolar. Onuň ilkinji iki çykyşy Aşgabatda bilim alan ojagy bolan Türkmen milli konserwatoriýasynda bolupdy. Ýeri gelende aýtsak, Aýbölek konserwatoriýada mugallym bolup işledi, talyplyk ýyllarynda bolsa türkmen skripka mekdebiniň düýbüni tutujy halypa sazanda Nikolaý Amiansyň elinde tälim aldy.

Şol bir wagtyň özünde, ol dirižýor Rasul Gylyjowyň ýolbaşçylygynda Döwlet simfoniki orkestriniň düzüminde çykyş etdi we Belarussiýa, Germaniýa, Gyrgyzystana we Russiýa gurnalan gastrollara gatnaşdy. Mekdep ýyllarynda Aýbölek skripkaçylaryň çagalar ansamblynda çykyş etdi.
Moskwa akademiýasynda ýaş artist Russiýanyň at gazanan artisti, meşhur skripkaçy Leonid Koganyň okuwçysy, professor Wladislaw Igolinskiniň elinde tälim alýar.
Aýbölek Muhyýewanyň gran-pri baýragynyň eýesidigini we Ermenistanda, Italiýada, Russiýada we beýleki ýurtlarda geçirilen köp sanly halkara saz bäsleşikleriniň we festiwallarynyň ýeňijisidigini hem bellemelidiris.

Moskwanyň saz muşdaklary zehinli ýaş türkmen skripkaçysynyň ýerine ýetirmeginde G. Ernstiň, F. Kreýsleriň, P.I.Çaýkowskiniň dünýä meşhur saz eserlerini diňläp bilerler.
Konsert penşenbe güni Moskwada Russiýanyň Gnesinler adyndaky Saz akademiýasynyň kamera zalynda sagat 19.00-da başlaýar. Giriş çakylyk petekleri boýunça.
Gulýa Geldiýewa








