Adriatika deňizüsti turbageçirijisiniň kuwwaty 2027-nji ýyla çenli iki esse artar


TAP AG-nyň dolandyryjy müdiri Luka Şippati Günorta gaz geçelgesiniň bir bölegi bolan Adriatika deňizüsti turbageçirijisiniň 2027-nji ýyla çenli düýpli abatlanmasyna maýa goýulmagy bilen onuň kuwwatynyň 20 milliard kub metre çenli ýokarlanjakdygyny aýtdy. Bu barada ol «Interfaks» agentligi bilen geçirilen söhbetdeşliginde habar berdi.
Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky bu taslama uly gyzyklanma bildirýär we oňa maýa goýmaga taýýardyr. Munuň özi günorta Ýewropanyň energiýa bazaryna tebigy gaz akymyny güýçlendirmek üçin Gresiýada we Albaniýada kompressorlary oturtmagy öz içine alýar.
Turbageçirijiniň döwrebaplaşdyryş işi amala aşyrylandan soňra Azerbaýjanyň tebigy gazyny geçirýän turbageçirijisi hem TAP gaz geçirijisiniň has ösdürilen ýagdaýynda wodorodyň 10% -ini bu ugurdan geçirmäge ukyply bolar.
Adriatika deňizüsti gaz geçirijisiniň döwrebaplaşdyrylmagy Türkmenistanyň hem bu turbageçirijisine birleşmek mümkinçiligi bolan Günorta gaz geçelgesiniň ugrunda ýerleşýän Ýewropanyň gaz bazaryny ep-esli derejede tebigy gaz bilen doldurylmagyna goşant goşar.
ORIENT news
Surat: aze.az








