Habarlar

Türkmenistanyň Adalatçysy Ýazdursun Gurbannazarowa GDA-daky kärdeşleri bilen adam hukuklary barada pikir alyşdyTürkmenistanyň Adalatçysy Ýazdursun Gurbannazarowa GDA-daky kärdeşleri bilen adam hukuklary barada pikir alyşdy

Türkmenistanyň Adalatçysy Ýazdursun Gurbannazarowa GDA-daky kärdeşleri bilen adam hukuklary barada pikir alyşdy

Türkmenistanda adam hukuklary boýunça Ygtyýarlandyrylan Ýazdursun Gurbannazarowa Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndaky kärdeşleri bilen GDA-nyň ombudsmenleriniň Arkalaşygyň Ýerine ýetiriji komitetiniň bölüminde geçirilen mejlisinde raýatlaryň adam hukuklaryny we bähbitlerini goramak meselesini ara alyp maslahatlaşyldy. Bu barada guramanyň resmi internet sahypasy habar berýär.

Taekwondo boýunça Türkmenistanyň çempionaty: täze tapgyryň başlanmagyTaekwondo boýunça Türkmenistanyň çempionaty: täze tapgyryň başlanmagy

Taekwondo boýunça Türkmenistanyň çempionaty: täze tapgyryň başlanmagy

Aýdogdy Atabaýewiň sportda gazananlarynyň, atlarynyň we beýleki üstünlikleriniň sany köp. Ony ýurdumyzyň sport toparlarynda at gazanan tälimçi we Türkmenistanyň baş tälimçisi hökmünde oňat tanaýarlar. Dünýä derejesindäki taekwondo toparlarynyň arasynda bolsa 8-nji dan gara guşagyň we “ Taekwondo (ITF) boýunça dünýäniň iň oňat tälimçisi” diýen hormatly adyň eýesi, Taekwondo boýunça Aziýa federasiýasynyň ýerine ýetiriji komitetiniň agzasy hem-de “A” derejeli halkara emin, şeýle hem halkara instruktor hökmünde tanalýar.

Awstriýanyň ozalky prezidenti Haýns Fişer – Türkmenistan bilen gatnaşyklarda ösüp barýan ugurlar baradaAwstriýanyň ozalky prezidenti Haýns Fişer – Türkmenistan bilen gatnaşyklarda ösüp barýan ugurlar barada

Awstriýanyň ozalky prezidenti Haýns Fişer – Türkmenistan bilen gatnaşyklarda ösüp barýan ugurlar barada

D-or Haýns Fişer – dünýä belli awstriýaly syýasatçy we diplomat. 2004-2016-njy ýyllar aralygynda Awstriýa Respublikasynyň Federal prezidenti wezipesini eýeledi. Häzirki wagt Haýns Fişer özüniň uly dosty, günorta koreýaly syýasatçy we diplomat, BMG-niň ozalky baş sekretary Pan Gi Mun bilen Wenadaky “Pan Gi Mun – merkeziniň” işine işjeň gatnaşýarlar. Bu merkeziň işiniň esasynda zenanlaryň we ýaşlaryň hukuklaryny hem-de mümkinçiliklerini giňeltmek üçin BMG-niň durnukly ösüş baradaky maksatlary durýar.