

Türkmen türgenleriniň 2023-nji ýylda gatnaşmagy maksat edinýän uly ýaryşlary
Türkmen türgenleri 2022-nji ýylda köp sport ýaryşlaryna gatnaşyp, iri halkara çempionatlaryň we ýaryşlaryň dürli medallaryny hem-de baýraklaryny eýelediler.


Türkmen türgenleri 2022-nji ýylda köp sport ýaryşlaryna gatnaşyp, iri halkara çempionatlaryň we ýaryşlaryň dürli medallaryny hem-de baýraklaryny eýelediler.


Hytaýyň ABŞ-daky ilçisi Sin Gan Hytaý Halk respublikasynyň Daşary işler ministri wezipesine bellendi. Bu barada anna güni Hytaýyň merkezi telewideniýesi habar berdi.


Abu-Dabiniň AD Ports topary Gazagystan bilen Hazar deňzine degişli ylalaşyga gol çekdi. AD Ports topary Hazar deňzinde energetika kompaniýalaryna offşor we gämi gatnaw hyzmatlaryny hödürlemek üçin Gazagystanyň “KazMunaýGaz” döwlet nebitgaz kompaniýasynyň “Kazmortransflot” golçur kompaniýasy bilen bilelikdäki kärhanany döreder.


Ahal welaýatynyň Arkadag şäherindäki binalaryň we desgalaryň açylyş dabarasyny ýokary derejede guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.


Russiýanyň Musulmanlarynyň ruhy mejlisiniň müftüleriniň başlygy Albir Krganow dindeşlerine täze ýyl saçagyna halal önümlerden “oliwýe” atly meşhur işdäaçary taýýarlamagy maslahat berdi.


Täze ýylyň öňüsyrasynda, ORIENT okyjylara iň gyzykly we ähmiýetli habarlary çalt tapmak, şeýle hem belli bir mowzuklary täze bölümleri arkaly yzarlamak mümkinçiligini döretmek maksady bilen, saýtyny we goşundysyny täzeledi.


Türkmenistanyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew telefon arkaly ýetip gelýän Täze ýyl gutlaglaryny alyşdylar, 2023-nji ýylyň iki ýurt we olaryň dostlukly halklary üçin üstünlikli we abadançylykly ýyl bolmagyny arzuw etdiler.


Azerbaýjan Tel-Awiwde ilçihanasy açylandygy bildiriş edilenden iki aý soňra Israýylda öz ilçisini bellän ilkinji musulman şaýy ýurdy boldy – diýip, The Times of Israel habar berýär.


Gazagystan güýçli parlamenti bilen prezident dolandyryşy ulgamyna geçýär – diýip, Respublikanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň Senatyň mejlisinde beýan edendigini The Astana Times habar berýär.


Pekin uniwersiteti Günbatar ýurtlary bilen astronomiýadaky ösüşleriň aratapawudyny kemeltmek üçin Aziýada iň uly teleskopy döretmek baradaky meýilnamasyny köpçülige mälim etdi.


2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap Türkmenistanyň «Deňiz söwda floty» ÝGPJ «Balkan» gämisini Türkmenbaşy-Baku-Türkmenbaşy ugry boýunça fider konteýner daşamalaryny amala aşyrmagy ýola goýýar.


Özüniň täze ýyl ýüzlenmesinde BMG-niň Baş sekretary Antoniu Gutteriş 2023-nji ýylda adamzada parahatlyk has zerur bolup durýar – diýip, nygtaýar.
«Awatar 2: Suwuň ýoly» fantastiki film ýarym aýyň dowamynda eýýäm $1 mlr.-dan gowrak toplady – diýip, Kinonews habar berýär.


«Yandeks», VK, «Rostelekom» korporasiýalary, şeýle hem «Sberbank» Androidiň esasynda we Google Mobile Services platformalaryň ýerini tutup biljek täze ykjam operasion ulgamy işläp düzjek kompaniýany döretmegi meýilleşdirýärler – diýip, «Kommersant» habar berýär.


Marvel Studios tarapyndan «The Marvel Cinematic Universe An Official Timeline» kitabynyň neşir edilmeli wagty 2023-nji ýylyň 5-nji sentýabryna bellenildi. Kinostudiýa bu neşiriň üstünde işleýändigini 5 ýyldan gowrak mundan öň beýan edipdi – diýip, Screenrant.com. habar berýär.