

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň Parlamentiniň ýolbaşçysyny kabul etdi
Anna güni Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň Parlamentiniň ýolbaşçysy Mustafa Şentopuň baştutanlygyndaky wekiliýetini kabul etdi.


Anna güni Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň Parlamentiniň ýolbaşçysy Mustafa Şentopuň baştutanlygyndaky wekiliýetini kabul etdi.


Türkmenistan Aşgabatda döredilmegi meýilleşdirilýän Türkmen-rus uniwersitetinde tehniki we lukmançylyk ugurlary boýunça hünärmenleri taýýarlamaga gyzyklanma bildirdi, bu barada Russiýa Federasiýasynyň Ylym we ýokary bilim ministrliginiň resmi saýtynda Türkmen-Rus hökümetara toparynyň mejlisinden soň habar berdi.


"Deňiz söwda floty" paýdarlar jemgyýeti özüniň resmi web sahypasynda Ro-Pax kysymly amatly ýolagçy parom gämilerde Türkmenbaşy - Baku - Türkmenbaşy ugry boýunça biletleriň onlaýn satuw hyzmatynyň bardygyny habar berdi mmf.com.tm.


Hepdäniň penşenbe güni "Global ýylylygyň Merkezi Aziýa täsiri: sebitiň ýurtlarynyň bahalandyrmalary we çemeleşmeleri, şeýle hem sebit hyzmatdaşlygynyň geljegi" atly onlaýn-maslahat geçirilip, oňa Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň we Täjigistanyň analitikleri gatnaşdy. Olara Germaniýanyň, Wengriýanyň, Şwesiýanyň we başga-da birnäçe ýurtlaryň alymlary hem goşuldylar.


17-nji noýabrda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Bütindünýä filosofiýa güni bellenildi, onuň baýram edilmegi bu ýaş, ýöne, eýýäm özüni tanadan ýokary okuw mekdebinde Filosofiýa klubynyň açylmagy bilen gabat geldi.


Türkiýäniň Beýik Millet Ýygnagynyň başlygy Mustafa Şentop hem-de onuň ýolbaşçylygyndaky parlament wekiliýeti penşenbe güni iki günlük resmi sapar bilen Aşgabada geldi.


Russiýanyň S7 awiakompaniýasy 2022-nji ýylyň dekabryndan Moskwa-Türkmenbaşy-Moskwa ugry boýunça gatnawlaryň sanyny artdyrar. Goşmaça howa gatnawy penşenbe güni amala aşyrylar – diýlip, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Telegram kanalynda ýerleşdirilen habarda aýdylýar.


Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) maglumatlaryna görä, 15-nji noýabrda dünýäniň ilatynyň sany resmi taýdan 8 milliard adama ýetdi.


«Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti (AGPJ) Türkmenistandaky ýolagçy otlylarynyň gatnawlarynyň täzelenen tertibini mälim etdi. Onuň bilen aşakdaky suratda tanşyp bilersiňiz.


Ýewropa Birleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary derejeli wekili Žozep Borrell Merkezi Aziýa ýurtlaryna kömek etmek üçin dünýäniň beýleki döwletleri bilen ýakynlaşdyryp biljek täze “ýaşyl” sanly ykdysadyýeti gurmaga Ýewropanyň hususyýetçileriniň maýa goýum kuwwatyny ulanmak mümkinçiligini mälim etdi.


Ýewraziýa ösüş banky sebitiň suw we energiýa toplumyna maýa goýumlarynyň zerurlygyny 11 milliard dollara çenli azaltmaga we sarp edijiler üçin ortaça nyrhyň ösüşini 50 göterimden 35 göterime çenli peseltmäge kömek etjek Merkezi Aziýanyň energiýa ulgamyny ösdürmegiň iň amatly görnüşini hödürledi.


Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky telekeçileriň iş amallaryny dolandyrmagyny ýeňilleşdirmek we olaryň mümkinçiliklerini giňeltmek maksady bilen işlenip taýýarlanan täze hyzmatlaryň tanyşdyrylyşyny geçirdi.


Germaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň konsullyk bölüminde Şengen wizasyny almak üçin raýatlara ýüz tutmaga deslapky elektron hasaba alyş açylýar diýip, Germaniýanyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasynyň saýty habar berýär.


Çarşenbe güni 16-njy noýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt we çig mal biržasynyňsöwdalaşyklarynda jemi bahasy 31 million TMT bolan6 sany geleşik baglaşyldy.


Moskwanyň Owganystan baradaky maslahat görnüşindäki duşuşygyna gatnaşyjylar ýurduň ýapylandaşary ýurt emläklerini açmaklyga we Owganystanyňýapylan milli gorlaryny açmak boýunça çäreleri görmäge çagyrdylar.