HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkiýedäki betbagtçylyk bilen Türkmenistanyň raýatlary hem ýüzbe-ýüz boldular

Fewral 09, 2023 | 12:09 |13073
Ýer titremeleriniň birnäçesini başyndan geçiren Türkiýede betbagtçylyga duçar bolanlary arasynda Türkmenistanyň raýatlary hem bar. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasyna baryp görende aýtdy – diýip, TDH habar berýär.Ýer titremeleriniň birnäçesini başyndan geçiren Türkiýede betbagtçylyga duçar bolanlary arasynda Türkmenistanyň raýatlary hem bar. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasyna baryp görende aýtdy – diýip, TDH habar berýär.
Çeşme: redaksiýanyň arhiwinden

Ýer titremeleriniň birnäçesini başyndan geçiren Türkiýede betbagtçylyga duçar bolanlary arasynda Türkmenistanyň raýatlary hem bar. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasyna baryp görende aýtdy – diýip, TDH habar berýär.

Hälk häkimiýetiniň ýokary edarasynyň baştutany türkmen döwletiniň özüniň her bir raýaty üçin ynamly daýançdygyny we, eger-de mesele ýüze çyksa, onda degişli edaralaryň zerur bolan kömegi berjekdigini nygtady.

Şu gün resmi metbugatda Türkiýedäki tebigy betbagtçylyga duçar bolan Türkmenistanyň raýatlarynyň, şeýle hem olaryň garyndaşlarynyň ýüz tutup biljek gyzgyn aragatnaşyk üçin telefon belgilerini çap edildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi:

+99312445688
+99312445722

Türkiýe Respublikasyndaky Türkmenistanyň ilçihanasy:

+90(505)1315685
+903124417122(23,24)
tmankara@yahoo.com

Stambul şäherindäki Baş konsullyk:

+905375200935
+902126620221
stambulconstm2@gmail.com

Anadolu agentliginiň berýän maglumatyna görä, Türkiýedäki ýer titremesiniň pidalarynyň sany 9-njy fewraldaky ýagdaýa görä 9 müň 57 adam. Ýurt boýunça ýaralananlaryň sany – 52 müň 979. Tebigy betbagtçylyk 6 müň 444 binany weýran etdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasyna baran mahaly wepat bolanlaryň hossarlaryna we ýakynlaryna çuňňur gynanç sözlerini bildirdi, ejir çekenlere tiz sagalmagy arzuw etdi.

Ozal 7-nji fewralda Türkiýäniň günortasyndaky Gaziantep şäherine Türkmenistandan ynsanperwer kömekli uçary geldi, onda şeýle hem lukmanlar we saglyk işgärleri bar. Ýer titremesinde ejir çekenlere Türkmenistan kömek üçin zerur bolan dermanlary, lukmançylyk serişdelerini we dokma önümlerini iberdi.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

22:30 Sentýabr 21, 2026
Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

21:13 Sentýabr 21, 2026
Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

21:00 Sentýabr 21, 2026