HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Sankt-Peterburg şäheri Medeniýet paýtagty hökmünde 2023-nji ýyl üçin çäreler meýilnamasyny işläp taýýarlady

Fewral 08, 2023 | 19:10 |7153
Russiýanyň Sankt-Peterburg şäheri şu ýyl Arkalaşygyň medeni paýtagty derejesine eýe boldy. Şäher häkimligi göz öňünde tutulýan çäreleriň sanawyny düzüp, Sankt-Peterburgyň Medeniýet boýunça komitetine we Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara  gaznasyna iberdi – diýlip, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň internet saýtynda habar berilýär.Russiýanyň Sankt-Peterburg şäheri şu ýyl Arkalaşygyň medeni paýtagty derejesine eýe boldy. Şäher häkimligi göz öňünde tutulýan çäreleriň sanawyny düzüp, Sankt-Peterburgyň Medeniýet boýunça komitetine we Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara  gaznasyna iberdi – diýlip, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň internet saýtynda habar berilýär.
Çeşme: funart.pro

Russiýanyň Sankt-Peterburg şäheri şu ýyl Arkalaşygyň medeni paýtagty derejesine eýe boldy. Şäher häkimligi göz öňünde tutulýan çäreleriň sanawyny düzüp, Sankt-Peterburgyň Medeniýet boýunça komitetine we Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznasyna iberdi – diýlip, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň internet saýtynda habar berilýär.

Bu teklipleriň düýp manysy dürli ýyllaryň medeni paýtagtlarynyň estafeta ýaryşynyň dowamlylygyny kesgitlemekdir. Bu maksatnama şu ýyl 320 ýyllygyny belleýän Sankt-Peterburgda 2023-nji ýylyň dowamynda geçiriljek adaty çäreleri we beýleki döredijilik we medeni çäreleri öz içine alýar.

Russiýanyň Demirgazyk paýtagty başga-da birnäçe taryhy we şanly seneleri - “Awrora” kinoteatrynyň 110 ýyllygyny we Lensowet adyndaky Sankt-Peterburg akademiki teatrynyň 90 ýyllygyny bellär. Şeýle hem, şäherde GDA ýurtlarynyň “Russiýada duşuşyklar” atly 25-nji teatr festiwaly, beýik aýdymçynyň 150 ýyllygyna bagyşlanan ýaş opera ýerine ýetirijileri üçin Fýodor Şalýapin adyndaky ýaş opera aýdymçylarynyň halkara bäsleşigi (meşhur artistiň 150 ýyllygyna bagyşlanýar) we Sergeý Raçmaninowyň doglan gününiň 150 ýyllygyna bagyşlanan festiwal geçiriler, şeýle hem Aleksandr Ostrowskiniň doglan gününiň 200 ýyllygyna bagyşlanan täze sahna eserleri görkeziler.

Medeni paýtagtlaryň ýene bir däbi - GDA ýaşlar simfoniki orkestriniň döredijilkik saparynyň gurnalmagydyr. Bu gezek orkestr bilen bilelikde Russiýanyň Bolşoý teatrynyň Ýaşlar opera programmasyna gatnaşyjylar çykyş ederler.

Her ýyl “Arkalaşygyň Medeniýet paýtagty” Döwletara maksatnamanyň çäklerinde halkara kitaphana maslahatlary geçirilýär. Nobatdaky forum Sankt-Peterburgda B.N. Ýelsin adyndaky Prezident kitaphanasynda geçiriler. Çäräniň işewür bölegini emele getirmek üçin guramaçylyk goldawy, däp bolşy ýaly, Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznasynyň hemişelik hyzmatdaşy - Ýewraziýanyň Kitaphana Assambleýasy tarapyndan berler.

“GDA-nyň medeni paýtagty” maksatnamasynyň çäreleriniň umumy meýilnamasy ýakyn wagtda şäher guramaçylyk komitetiniň mejlisinde tassyklanar we şu ýazda maksatnamanyň dabaraly açylyş dabarasy geçiriler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

19:30 Awgust 26, 2026
Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

19:10 Awgust 26, 2026
Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

17:00 Awgust 26, 2026