HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýe Respublikasynyň ilçihanasyna bardy

Fewral 08, 2023 | 21:48 |9419
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow  hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkiýe Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasyna baryp, doganlyk ýurduň wekillerine duýgudaşlyk bildirdi.  Gahryman Arkadagymyz şu agyr pursatda gurban bolanlaryň  dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanç we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow  hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkiýe Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasyna baryp, doganlyk ýurduň wekillerine duýgudaşlyk bildirdi.  Gahryman Arkadagymyz şu agyr pursatda gurban bolanlaryň  dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanç we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.
Çeşme: Watan

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýe Respublikasynyň ilçihanasyna bardy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkiýe Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasyna baryp, doganlyk ýurduň wekillerine duýgudaşlyk bildirdi. Gahryman Arkadagymyz şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanç we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýe Respublikasynyň paýtagtymyzdaky ilçihanasyna geldi we Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri hem-de ýurdumyzyň müftüsi bilen gürrüňdeş boldy.

Hormatly Arkadagymyz Türkiýede bolup geçen tebigy heläkçiligiň köpsanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere hem-de uly möçberli weýrançylyklara getirendigini gynanç bilen belläp, tebigy betbagtçylykdan ejir çekýän doganlyk türk halkyna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini aýdyp, türkmen-türk baky dost-doganlygyň nyşany hökmünde Hatyra kitabynda ýazgy galdyrdy.

Hormatly Arkadagymyz döwletimiziň her bir raýatyň arkasynda dag ýaly bolup durandygyny belläp, bir mesele ýüze çyksa, degişli düzümleriň üsti bilen zerur goldawlaryň beriljekdigini aýratyn belledi.

Gahryman Arkadagymyz şehit bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan, öz adyndan hem-de bütin halkymyzyň adyndan gynanç sözlerini beýan edip, merhumlara iman baýlygyny, olaryň ýatan ýerleriniň ýagty, jaýlarynyň jennet bolmagyny Beýik Biribardan dileg etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ýakyn wagtda şehit bolanlary, öten-geçenleri ýatlap «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda sadaka beriljekdigini belledi.

Soňra Türkmenistanyň müftüsi öten-geçenleri ýatlap aýat-doga okady.

Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral wagt tapyp ilçihana gelendigi hem-de türk halky üçin şu agyr pursatda medet beriji, ruhlandyryjy sözlerini aýdandygy üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa türk halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we beýan edilen medet beriji sözleri Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine ýetirjekdigini belledi. Gahryman Arkadagymyzyň ilçihana gelip gynanç bildirmeginiň tutuş türk halkyna bildirilýän beýik mertebedir diýip, ilçi nygtady.

Tebigy heläkçilik zerarly dörän weýrançylygyň dikeldilýän günlerinde berilýän goldawyň Türkmenistanyň parahatçylyk we ynsanperwerlik maksatlaryna ygrarlydygynyň aýdyň beýanydygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz ýene bir gezek türk halkyna ruhy durnuklylyk arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

17:00 Iýun 21, 2026
Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

13:00 Iýun 21, 2026
Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

10:00 Iýun 21, 2026