

Aşgabada iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň hökümetiniň başlygynyň orunbasary Owerçuk ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary Meredow we Geldimyradow bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşykda ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirilýänugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň geljegine degişli meseleleriň giň toplumyna garaldy. Taraplar ozal gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek boýunça alnyp barlan işlere oňyn baha berdiler hem-de hakyky dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň köpasyrlyk däplerine daýanýan netijeli hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine iki ýurduň umumy gyzyklanma bildirýändigini tassykladylar. Duşuşygyň dowamynda türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň zerurdygy bellenildi, halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşyk etmek meselelerine üns berildi.




















