

Italiýa Aşgabada täze ilçi belledi
Italiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasyna diplomatik wekiliýetiniň ýolbaşçysy Luçano Galliniň ýerine kärdeşi Luidži Ferrari bellendi. Bu barada “OnuItalia” Rimiň 2014-nji ýylda türkmen paýtagtynda diplomatik ofisini açandygyny bellemek bilen, habar berýär.



















