HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçugy kabul etdi.

Fewral 18, 2023 | 01:27 |6767
Myhman hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi hem-de Russiýanyň Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklara ygrarlydygyny tassyklady.Myhman hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi hem-de Russiýanyň Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklara ygrarlydygyny tassyklady.
Çeşme: Watan

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçugy kabul etdi.

Myhman hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi hem-de Russiýanyň Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklara ygrarlydygyny tassyklady.

Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasarynyň bu gezekki saparynyň ýurdumyzda hökümetara dialogyň dowamy hökmünde kabul edilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz, Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçylaryna mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň ýolbaşçysynyň ýakynda ýurdumyza amala aşyran resmi saparynyň dowamynda geçirilen gepleşikleriň netijeliligini kanagatlanma bilen belledi. Şonda türkmen-rus hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy ugurlary kesgitlenildi, resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi, şeýle hem bilelikdäki işewürlik forumy üstünlikli geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda strategik hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan we ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýän döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alşyldy. Şunda ozal gazanylan we dürli ulgamlardaky netijeli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine täze itergi bermäge gönükdirilen ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine üns çekildi. Söwda-ykdysady ulgamy türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry bolup çykyş edýär. Nebitgaz, ulag, senagat ulgamlarynda we beýleki pudaklarda hyzmatdaşlyk üstünlikli ösdürilýär.

Şunuň bilen baglylykda, hyzmatdaşlygyň bar bolan kuwwatyny doly derejede durmuşa geçirmegiň, ony diwersifikasiýalaşdyrmagyň, özara söwdanyň we maýa goýumlaryň möçberlerini yzygiderli artdyrmak üçin täze möhüm ugurlara çykmagyň, bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň zerurdygy bellenildi. Ynsanperwer ulgamy hem döwletara gatnaşyklarynyň aýrylmaz we möhüm bölegidir. Bu ulgamda bilim, ylym we medeniýet, saglygy goraýyş, şeýle hem sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça däp bolan gatnaşyklar aýratyn orun eýeleýär.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary umumy bähbitlere laýyk gelýän hem-de uzakmöhletleýin geljegi nazarlap, ýola goýulýan özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

00:01 Iýun 21, 2026
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

16:36 Iýun 20, 2026
Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

09:00 Iýun 20, 2026