HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary bilen duşuşygy boldy.

Fewral 18, 2023 | 01:32 |4593
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, strategik we köpugurly häsiýete eýe bolan döwletara gatnaşyklarynyň okgunly ösdürilýändigini belledi. Gahryman Arkadagymyz, Russiýanyň Prezidentine we Hökümetiniň Başlygyna salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny beýan edip, türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň täze many-mazmun bilen yzygiderli baýlaşdyrylyp, ähli ugurlar boýunça giňeldilýändigini kanagatlanma bilen belledi.Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, strategik we köpugurly häsiýete eýe bolan döwletara gatnaşyklarynyň okgunly ösdürilýändigini belledi. Gahryman Arkadagymyz, Russiýanyň Prezidentine we Hökümetiniň Başlygyna salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny beýan edip, türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň täze many-mazmun bilen yzygiderli baýlaşdyrylyp, ähli ugurlar boýunça giňeldilýändigini kanagatlanma bilen belledi.
Çeşme: Watan

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary bilen duşuşygy boldy.

Myhman Gahryman Arkadagymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, strategik we köpugurly häsiýete eýe bolan döwletara gatnaşyklarynyň okgunly ösdürilýändigini belledi. Gahryman Arkadagymyz, Russiýanyň Prezidentine we Hökümetiniň Başlygyna salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny beýan edip, türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň täze many-mazmun bilen yzygiderli baýlaşdyrylyp, ähli ugurlar boýunça giňeldilýändigini kanagatlanma bilen belledi.

Söwda-ykdysady, ulag-kommunikasiýalar we logistika ulgamlarynda, obasenagat toplumynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikler bar. Şunuň bilen bir hatarda, häzirki döwrüň ýagdaýlary bilen baglylykda, suw hojalygy we ekologiýa ulgamlarynda özara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhümdigi bellenildi. Däp bolan ynsanperwer ulgamyndaky gatnaşyklara hem uly ähmiýet berilýär. türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz saglygy goraýyş ulgamyndaky hyzmatdaşlyga ünsi çekdi. Bu ulgamyň ösdürilmegi ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz ýakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň täze, döwrebap saglygy goraýyş desgalaryny gurmak babatda birnäçe resminamalara gol çekendigini belledi.

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerine berýän hemişelik ünsi üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallygyny bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, Russiýanyň ýurdumyz bilen dürli ugurlarda, şol sanda ykdysady, söwda, energetika, ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigi bellenildi. Myhman ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlary bilen baglylykda, ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklary, hususan-da, saglygy goraýyş ugry boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň wajypdygyny belledi.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary taryhyň dowamynda kemala gelen dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine esaslanýan netijeli döwletara hyzmatdaşlygynyň iki tarapyň hem hoşniýetli erki bilen mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

23:26 Sentýabr 26, 2026
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

23:00 Sentýabr 26, 2026
ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

18:00 Sentýabr 26, 2026