Habarlar

Ýaponiýa Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy öňe sürmäge niýet edýär - ilçi ÝamamotoÝaponiýa Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy öňe sürmäge niýet edýär - ilçi Ýamamoto

Ýaponiýa Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy öňe sürmäge niýet edýär - ilçi Ýamamoto

Ýaponiýa «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» Dialogynyň çäklerinde Türkmenistan bilen dürli ugurlar boýunça alyş-çalyşy mundan beýläk-de öňe sürmegi niýet edinýär. Bu barada Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Hiroýuki Ýamomoto Ýaponiýanyň imperatory Naruhitonyň doglan güni mynasybetli dabaraly kabul edişlikde aýtdy – diýlip, diplomatik wekilhananyň metbugat habarynda aýdylýar.

Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagtymyz Aşagabatda üç gün dowam eden sergisiniň şu gün ýapylyş dabarasy boldy.Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagtymyz Aşagabatda üç gün dowam eden sergisiniň şu gün ýapylyş dabarasy boldy.

Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagtymyz Aşagabatda üç gün dowam eden sergisiniň şu gün ýapylyş dabarasy boldy.

Serginiň ýapylyşyş dabarasynda iki halkyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk we özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklara, türkmen-eýran söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyna häzirki döwürde hil taýdan täze itergi berilýändigi, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň yzygiderli ösmegi üçin zerur şertleriň döredilýändigi bellenildi. Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri dünýä döwletleri, ilkinji nobatda, ýakyn goňşular bilen birek-birege hormat goýmaga esaslanýan gatnaşyklary ösdürmekden ybaratdyr. Şundan ugur alyp, Türkmenistan Eýran Yslam Respublikasy bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge we berkitmäge uly ähmiýet berýär.