Türkmenistanda kibersport boýunça dünýä Çempionatyna saýlama ýaryşa badalga berilýär


Türkmenistanyň Elektron sport boýunça milli federasiýasy Federasiýanyň Kubogy ugrunda ýaryşyň başlanandygy barada habar berdi, ol kibersport görnüşi bolan Dota 2 boýunça dünýä Çempionatyna saýlama tapgyryň başlangyjy bolar.
Elektron sportyň milli federasiýasy tarapyndan gurnalýan ýaryş 20-nji fewralda başlanýar. Birinjilik ugrundaky ýaryşa baş baýraga dalaş edýän 8 topar gatnaşýar.
Oýunlar ýaryşyň toruna giriziler we Single Elimination BO1 ýeňlen çykmaly şekilde geçiriler. Indiki tapgyra geçen toparlar, Single Elimination BO3 kompýuter arenasynda göreşerler (iki ýeňşe çenli). Çempionatyň finaly Single Elimination BO5-de geçer (üç ýeňşe çenli).
ORIENT-e Elektron sportyň milli federasiýasynda habar bermeklerine görä, içerki birinjiligiň ýeňijisi sebitleýin kwalifikasiýa ýaryşynda Türkmenistana wekilçilik etmäge hukuk gazanar. Iň gowy netijäni görkezen topar Ýassyda (Rumyniýa) geçiriljek IeSF World Esports Championships 2023 dünýä Çempionatyna ýollanmanyň eýesi bolar.
Ýaryş Nusay Esports we Phoenix toparlarynyň biri-birine garşy durmagy bilen açylýar. Dota 2 görnüşi boýunça Federasiýanyň Kubogynyň häzirki eýesi Galkynysh Esports bolup durýar.
Artur PETROSÝANS








