HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýaponiýa Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy öňe sürmäge niýet edýär - ilçi Ýamamoto

Fewral 18, 2023 | 15:37 |6462
Ýaponiýa «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» Dialogynyň çäklerinde Türkmenistan bilen dürli ugurlar boýunça alyş-çalyşy mundan beýläk-de öňe sürmegi niýet edinýär. Bu barada Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Hiroýuki Ýamomoto Ýaponiýanyň imperatory Naruhitonyň doglan güni mynasybetli  dabaraly kabul edişlikde aýtdy – diýlip, diplomatik wekilhananyň metbugat habarynda aýdylýar.Ýaponiýa «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» Dialogynyň çäklerinde Türkmenistan bilen dürli ugurlar boýunça alyş-çalyşy mundan beýläk-de öňe sürmegi niýet edinýär. Bu barada Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Hiroýuki Ýamomoto Ýaponiýanyň imperatory Naruhitonyň doglan güni mynasybetli  dabaraly kabul edişlikde aýtdy – diýlip, diplomatik wekilhananyň metbugat habarynda aýdylýar.
Çeşme: klike.net

Ýaponiýa «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» Dialogynyň çäklerinde Türkmenistan bilen dürli ugurlar boýunça alyş-çalyşy mundan beýläk-de öňe sürmegi niýet edinýär. Bu barada Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Hiroýuki Ýamomoto Ýaponiýanyň imperatory Naruhitonyň doglan güni mynasybetli dabaraly kabul edişlikde aýtdy – diýlip, diplomatik wekilhananyň metbugat habarynda aýdylýar.

Diplomat şeýle hem günüň dogýan ýurdunyň parahatçylygyň we sebitde durnuklylygyň hatyrasyna Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygyny goşdy.

Kabul edişligiň çäklerinde öňdebaryjy ýapon kompaniýalarynyň önümleriniň, şol sanda Itochu Corporation, Kawasaki Heavy Industries, Sumitomo Corporation, Mitsubishi Corporation we Toyota kompaniýalarynyň önümleriniň sergisi gurnaldy, samuraýlar tarapyndan ulanylýan Ýaponiýanyň söweş sungaty bolan budo görkezildi.

Myhmanlar şeýle hem bu Aziýa ýurdunyň tagamlaryny dadyp gördüler – udon (bugdaý unundan edilen ýapon unaşly çorbasy) we moti – tüwiden edilen süýjülik.

Ýaponiýanyň imperatorynyň doglan güni Ýaponiýada döwlet baýaramydyr. 23-nji fewralda 126-njy imperator Naruhito 63 ýaşaýar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

16:05 Oktýabr 17, 2026
Yrak ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky konflikt sebäpli ýitgilerini 60 milliard dollara golaý diýip bahalandyrdy

Yrak ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky konflikt sebäpli ýitgilerini 60 milliard dollara golaý diýip bahalandyrdy

16:00 Oktýabr 17, 2026
Zelenskiý 2027-nji ýyl üçin Ýewropa Bileleşiginden ýene 70 milliard ýewro kömek sorady

Zelenskiý 2027-nji ýyl üçin Ýewropa Bileleşiginden ýene 70 milliard ýewro kömek sorady

15:00 Oktýabr 17, 2026