

Türkmenistan elektron ulag üsthaty baradaky teswirnama goşuldy
Türkmenistan BMG-niň Konwensiýasynyň ýükleriň halkara ýol daşamalary baradaky şertnamasynyň elektron üsthatyna (e-CMR) degişli goşmaça teswirnamasyna goşuldy. Bu barada awtomobil ulaglarynyň Halkara birleşigi (IRU) habar berýär.



















