HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen mekdep okuwçylaryny intellektual eýeçilik boýunça halkara olimpiada çagyrýarlar

Fewral 20, 2023 | 18:00 |6564
Türkmenistanyň we GDA-nyň beýleki ýurtlarynyň okuwçylaryny ýokary synp okuwçylary üçin geçirilýän intellektual eýeçilik boýunça XV Halkara olimpiada gatnaşmaga çagyrýarlar.Türkmenistanyň we GDA-nyň beýleki ýurtlarynyň okuwçylaryny ýokary synp okuwçylary üçin geçirilýän intellektual eýeçilik boýunça XV Halkara olimpiada gatnaşmaga çagyrýarlar.
Çeşme: e-cis.info

Türkmenistanyň we GDA-nyň beýleki ýurtlarynyň okuwçylaryny ýokary synp okuwçylary üçin geçirilýän intellektual eýeçilik boýunça XV Halkara olimpiada gatnaşmaga çagyrýarlar.

Bu çäre — öz döredijilik başarnyklaryňy ýüze çykarmak, mümkinçiligiňi görkezmek we intellektual eýeçilik babatynda täze bilimleri almak üçin ajaýyp mümkinçilikdir.

Olimpiada gatnaşmak üçin umumybilim berýän mekdepleriň gutardyş ýylynyň (11-nji synp) okuwçylary, (şeýle hem 10-njy synp okuwçylary, käbir ugurlar boýunça 9-njy synp okuwçylary), hünär bilim jaýlarynyň uçurymlary (kollejler, ýörite orta hünär okuw mekdepleri) ýüz tutup bilýarler.

Bäsleşik üç tapgyrda geçirilýär:

I tapgyr 2023-nji ýylyň 10-njy martyna çenli dowam edýär we onda hasaba alynma we Russiýanyň intellektual eýeçilik boýunça Döwlet akademiýasynyň intellektual eýeçilik (IE) boýunça onlaýn-testi geçme göz öňünde tutulýar saýtynda.

II tapgyr IE boýunça berlen temalaryň birinden ýazmaça işleriň bäsleşigini öz içine alýar, ol işler soňra RIEDA-nyň bilermenler komissiýasyna hödürlenýär. Aprel aýynda geçiriljek üçünji tapgyrda dalaşgärlerden bäsleşigiň ýumuşyny ýerine ýetirip, öz işlerini goramak talap ediler (onlaýn formatda gatnaşmak mümkin).

Ýeňijiler Olimpiadanyň hyzmatdaşlaryndan diplomlary, ýadygärlik sowgatlary alarlar, 2023-nji ýylda RIEDA-na girenlerinde hususy gazananlary üçin goşmaça ball alarlar.

Gatnaşmak meselesi boýunça şu elektron salga ýüz tutup bolýar: alts@rgiis.ru.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ata-babalaryň sesi: Türkmen “urany” halk mertebesiniň nyşany hökmünde

Ata-babalaryň sesi: Türkmen “urany” halk mertebesiniň nyşany hökmünde

22:35 Awgust 06, 2026
Italiýanyň şäherçesi emeli aň geňeşçisini belledi

Italiýanyň şäherçesi emeli aň geňeşçisini belledi

16:00 Awgust 06, 2026
Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

22:22 Awgust 05, 2026