HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan daşky gurşawyň meseleleri boýunça «ÝB-MA» maslahatyna gatnaşar

Fewral 20, 2023 | 18:06 |4532
Türkmenistanyň wekiliýeti  «ÝB-Merkezi Aziýa» atly daşky gurşaw we suw serişdeleriniň meseleleri boýunça 23-24-nji fewralda Rimde boljak ýokary derejedäki 7-nji Maslahata gatnaşar.Türkmenistanyň wekiliýeti  «ÝB-Merkezi Aziýa» atly daşky gurşaw we suw serişdeleriniň meseleleri boýunça 23-24-nji fewralda Rimde boljak ýokary derejedäki 7-nji Maslahata gatnaşar.
Çeşme: dzen.ru

Türkmenistanyň wekiliýeti «ÝB-Merkezi Aziýa» atly daşky gurşaw we suw serişdeleriniň meseleleri boýunça 23-24-nji fewralda Rimde boljak ýokary derejedäki 7-nji Maslahata gatnaşar.

Maslahatyň çäklerinde Italiýanyň Daşary işler ministrliginde daşky gurşaw we suw serişdeleri boýunça hyzmatdaşlyk boýunça ÝB-MA Platformasynyň 2019-njy ýylyň ýanwaryndan bäri döwürdäki netijeleri hödürlener, Platformanyň 2023-2025-nji ýyllar üçin ileri tutulýan ugurlary kesgitlener.

Gatnaşyjylar şeýle hem daşky gurşawy goramak babatynda mümkinçilikleri ösdürmek, Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi we suw serişdeleri boýunça amala aşyrylýan iş ýüzündäki ädimleri maslahatlaşarlar we ylalaşarlar.

Duşuşyk Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hökümetleriniň, Ýewropa Birleşiginiň we ÝB-niň agza döwletleriniň daşky gurşaw, howanyň üýtgemegi we suw serişdeleri babatynda syýasata jogapkär wekillerini, halkara, sebitleýin we hökümete degişli bolmadyk guramalaryň wekillerini bir meýdançada ýygnar.

Çäräniň çäklerinde Ýewropa Birleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Terhi Hakalanyň, Italiýanyň parlamentiniň agzasy, daşary işler ministriniň orunbasary we halkara hyzmatdaşlyk boýunça ministriň orunbasary Edmondo Çiriýelliniň çykyş etmegine garaşylýar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Maryda, Balkanabatda we Türkmenbaşyda nebitgaz pudagynyň işgärleri üçin täze ýaşaýyş jaýlary gurlar

Maryda, Balkanabatda we Türkmenbaşyda nebitgaz pudagynyň işgärleri üçin täze ýaşaýyş jaýlary gurlar

07:02 Sentýabr 19, 2026
Türkmenistan BIEG we ÝPG bilen hyzmatdaşlykda intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürýär

Türkmenistan BIEG we ÝPG bilen hyzmatdaşlykda intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürýär

06:32 Sentýabr 19, 2026
«Tejenkarbamid» zawody dökünleriň önümçiligini artdyrar

«Tejenkarbamid» zawody dökünleriň önümçiligini artdyrar

06:30 Sentýabr 19, 2026