HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň we RF-nyň saglygy goraýyş boýunça «Ýol kartasy» iki hepdeden taýýar bolar — Prosenko

Fewral 20, 2023 | 15:23 |5786
Lukmançylyk ylymlarynyň doktory, Russiýanyň zähmet gahrymany, Moskwanyň baş anestiozology-reanimatology we Aşgabatda doglan Denis Prosenko Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky saglygy goraýyş babatdaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň  «ýol kartasynyň» iki hepdeden taýýar boljakdygyny beýan etdi.Lukmançylyk ylymlarynyň doktory, Russiýanyň zähmet gahrymany, Moskwanyň baş anestiozology-reanimatology we Aşgabatda doglan Denis Prosenko Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky saglygy goraýyş babatdaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň  «ýol kartasynyň» iki hepdeden taýýar boljakdygyny beýan etdi.
Çeşme: ria.ru

Lukmançylyk ylymlarynyň doktory, Russiýanyň zähmet gahrymany, Moskwanyň baş anestiozology-reanimatology we Aşgabatda doglan Denis Prosenko Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky saglygy goraýyş babatdaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň «ýol kartasynyň» iki hepdeden taýýar boljakdygyny beýan etdi.

«Biz diňe bir nazaryýet tejribelerini alyşman, eýsem tejribedäki başarnyklary hem alyşmak üçin türkmen kärdeşlerimizi öz klinikalarymyzda görmäge şat bolarys», — diýip, Prosenko öňdebaryjy rus lukmanlarynyň Aşgabada eden iş saparynyň netijeleri boýunça «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetine beren söhbetdeşliginde habar berdi.

Moskwanyň baş anesteziolog-reanimatologynyň bellemegine görä, türkmen kärdeşleri bilen duşuşygyň barşynda ynsanperwer gatnaşyklar we türkmen lukmanlary bilen aragatnaşyk, klinikalar bilen özara hyzmatdaşlyk etmegiň meýilnamalary we hünärmenleriň mundan beýläkki gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Saparyň barşynda rus hünärmenleri türkmen lukmançylyk uniwersitetine, ylmy-kliniki onkologiýa we enäniň we çaganyň saglygyny goramak merkezlerine, Halkara hirurgiýa merkezine baryp, Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyna ýokary baha berdiler.

Hünärmenleri taýýarlamak meselesine degip geçip, Prosenko täze Rus-Türkmen uniwersitetinde «lukmançylyk fakulteti bolmalydyr we bolar» - diýip, habar berdi.

«Lukmançylyk wekiliýetiniň» düzümine Russiýanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň orunbasary Tatýana Semýonowa, N. N. Blohin adyndaky Onkologiýa milli merkeziniň direktory Iwan Stilidi, Moskwanyň A. S. Loginowa adyndaky kliniki ylmy-amaly merkeziniň direktory Igor Hatkow we «Kommunarkanyň» anestiozologiýa we reanimatologiýa boýunça ştatdan däşäry hünärmeni Denis Prosenko girdiler.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

16:00 Awgust 23, 2026
Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

14:00 Awgust 23, 2026
Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

12:00 Awgust 23, 2026