

Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäherine we Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Aşgabat şäherine we Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginleri hem-de şähergurluşyk maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen tanyşdy.
















