Gyrgyzystanda söweş sungaty boýunça ilkinji Aziýa-Ýuwaş umman surdoçempionaty badalga aldy


Gyrgyzystanyň sport durmuşynda ilkinji gezek thekwondo, dzýudo, grek-rim we erkin göreş boýunça kerleriň arasynda I Aziýa-Ýuwaş umman çempionaty geçirilýär. 1-12-nji mart aralygynda dünýäniň sekiz ýurdundan 300 töweregi türgen Bişkekde söweş sungatynda iň çüýçli türgen bolmak ugrunda bäsleşerler – diýip, Gyrgyzystanyň KHBS habar berýär.
Surdoçempionatyň ilkinji günleri thekwondo boýunça ýaryşlar geçiriler. Daşyndan göräýmäge, bu ýaryşlar adatylardan tapawutlanmaýar – şol bir düzgün, şol bir urgular. Ýeke bir üýtgeşikligi – eminiň duýdurmaladyndan soň, gyzyl yşyk ýanýar. Bu türgenler, eşidiş ukybynyň pesligi ýa-da ýoklugy sebäpli, diňe wizual duýdurmalara görä hereket edýärler. Olar tälimçiniň duýdurmalaryny we maslahatlaryny hem eşitmeýär we tutluşykda diňe öz-özüne bil baglamaly bolýarlar.
Bäsleşige gatnaşyjylaryň arasynda ýaňy başlanlar-da, tejribesi bolanlaram, hatda dürli çempionatlaryň ýeňijileri-de bar. Taekwondo ýaryşlaryndan soň dzýudo, erkin we grek-rim göreşi boýunça bäsleşikler geçiriler. Bu ýaryş resmi bolany üçin türgenler indiki Deflimpiada gatnaşmak üçin reýting utuklaryny gazanýarlar.
Gyrgyzystanda surdosport ýakynda özüne ýeterelik derejede ünsi çekdi. Häzirki wagtda tutuş ýurt boýunça eşidişinde kemçiligi bolan türgenleriň 400-den gowragy bar, olaryň diňe 50-si sport bilen hünär derejesinde meşgullanýar.
ORIENT news








