Habarlar

Gazagystanyň hökümeti Bütindünýä çarwa oýunlaryna taýýarlyk işlerine başlarGazagystanyň hökümeti Bütindünýä çarwa oýunlaryna taýýarlyk işlerine başlar

Gazagystanyň hökümeti Bütindünýä çarwa oýunlaryna taýýarlyk işlerine başlar

2024-nji ýylda 5-nji Bütindünýä çarwa oýunlary Gazagystanda geçiriler, şonuň bilen baglylykda, ýurduň prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew hökümete halkara ýaryşyny geçirmäge taýýarlyk görmäge başlamagy tabşyrdy. Penşenbe güni Gazagystanyň lideri Gazagystanyň Sportuň Milli görnüşleri assosiasiýasynyň başlygy Islambek Salžanow bilen duşuşdy we ýaryşlary guramaga ýokary derejede taýynlyk görmegi we kiçi we orta telekeçileriň mümkinçiliklerinden, şol sanda halk senetçiliginde, hyzmatlar we syýahatçylyk ulgamlarynda netijeli peýdalanmagy tabşyrdy – diýip, döwlet baştutanynyň metbugat gullugy habar berýär.