HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy logistikada täze derejä çykýar

Mart 03, 2023 | 00:18 |8345
Türkmenistanyň ulag we logistika kompaniýalaryny birleşdirýän «Türkmen Logistika» assosiasiýasy bilen Amerikanyň «DAI Global LLC» kompaniýasy çarşenbe güni iki ýurduň kärhanalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny düzgünleşdirýän Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler. Bu barada News Central Asia habar berýär.Türkmenistanyň ulag we logistika kompaniýalaryny birleşdirýän «Türkmen Logistika» assosiasiýasy bilen Amerikanyň «DAI Global LLC» kompaniýasy çarşenbe güni iki ýurduň kärhanalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny düzgünleşdirýän Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler. Bu barada News Central Asia habar berýär.
Çeşme: News Central Asia

Türkmenistanyň ulag we logistika kompaniýalaryny birleşdirýän «Türkmen Logistika» assosiasiýasy bilen Amerikanyň «DAI Global LLC» kompaniýasy çarşenbe güni iki ýurduň kärhanalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny düzgünleşdirýän Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler. Bu barada News Central Asia habar berýär.

Resminamanyň çäginde taraplar logistika hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmakda, üpjünçilik zynjyrlaryny we halkara daşamalary gowulandyrmakda logistika pudagyna häzirki zaman sanly ulgamlary ornaşdyrmak üçin bilelikde iş alyp bararlar. Şeýle hem halkara hünärmenleriniň gatnaşmagynda iş maslahatlary we duşuşyklar, logistika pudagynyň hünärmenleri taýýarlamak we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin okuw kurslary we seminarlar geçirler.

Amerikanyň «DAI Global LLC» kompaniýasynyň, ugurlarynyň biri ulag we logistika pudaklarynda hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak, şeýle hem Merkezi Aziýada ykdysady ösüşi çaltlaşdyrmak üçin sebitde söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmak bolan USAID-iň Merkezi Aziýada Söwda Maksatnamasynyň (Söwda Merkezi Aziýa – TCA) durmuşa geçirilmegine gatnaşýandygyny bellemek gerek.

Häzirki wagtda «Türkmen Logistika» assosiasiýasy, CILT Next Generation – Ulag we Logistika pudagynda ýaş hünärmenleriň global jemgyýeti we WiLAT – Aýallar Logistikada we Ulagda ýaly taslamalara işjeň gatnaşýar. Bu maksatnamalar, logistika pudagyndaky ýaş hünärmenlere we aýallara hünär we kär goldawyny bermäge gönükdirilendir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

16:05 Oktýabr 17, 2026
Pakistanda mekdebiň üçeginiň çökmegi azyndan 35 adamyň ölümine sebäp boldy

Pakistanda mekdebiň üçeginiň çökmegi azyndan 35 adamyň ölümine sebäp boldy

13:00 Oktýabr 17, 2026
Hytaýyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri Bakuda hyzmatdaşlyk we halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşdy

Hytaýyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri Bakuda hyzmatdaşlyk we halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşdy

19:00 Oktýabr 16, 2026