Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

TDHÇB-daky söwdalaşyklar: daşarky bazarda türkmen nebit önümleri ýokary islege eýe boldy

Mart 16, 2023 | 10:39 |4458
Penşenbe güni, 16-njy martda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $52,1 mln amerikan dollaryna deň bolan 25 geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.Penşenbe güni, 16-njy martda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $52,1 mln amerikan dollaryna deň bolan 25 geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Çeşme: redaksiýanyň arhiwinden

Penşenbe güni, 16-njy martda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $52,1 mln amerikan dollaryna deň bolan 25 geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.

Pakistandan we Owganystandan gelen telekeçiler Л-0,5-62 kysymly dizel ýangyjynyň 16 müň tonnasyny satyn aldylar, önümiň her tonnasyna $687 amerikan dollary baha berdiler. Nebit önümleri boýunça geleşikleriň jemi bahasy $10,9 mln amerikan dollaryndan geçdi.

Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri suwuklandyrylan tebigy gazyň 5,5 müň tonnasyny satyn aldylar, onuň her tonnasyna $314 amerikan dollary baha berildi. Jemi suwuklandyrylan tebigy gazyň $1,7 mln amerikan dollarlygy eksporta ugradyldy.

Owganystandan gelen işewürler A-92 kysymly awtoulag benzininiň 5 müň tonnasyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Onuň her tonnasyna $676,75 amerikan dollary baha berildi. Geleşikleriň jemi bahasy $3,3 mln amerikan dollaryndan geçdi.

BAE-den, Maltadan we Wirgin adalaryndan gelen alyjylar az kükürtli ýangyç mazudyň 100 müň tonnasyny $35,7 mln amerikan dollaryna satyn aldylar. Önümiň her tonnasyna $357 amerikan dollary baha berildi.

ТС-1 kysymly uçar kerosininiň 500 tonnasyny hem owganystanly telekeçi $348,2 müň amerikan dollaryna satyn aldy, önümiň her tonnasyna $696,50 amerikan dollary baha berildi.

Bir gün öň, 15-nji martda Owganystandan gelen telekeçiler söwdalaşyklarda suwuklandyrylan gazyň 1 müň tonnasyny önümiň her tonnasyna $330 amerikan dollary baha berip, $330 müň amerikan dollaryna satyn aldylar.

Söwdalaşyklara goýlan harytlar barada maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt we çig mal biržasynyň resmi web saýty arkaly şu ýerden tanşyp bilersiňiz.

Oba hojalygy, senagat we aragatnaşyk bölümlerinde, şeýle hem söwda toplumynda söwdalaşyk duşenbe-anna günleri 16:00-da, şenbe güni sagat 11:30-da başlanýar. Nebit we gaz pudagynda birža söwdasy duşenbe-anna günleri 16:30-da, şenbe güni 12:00-da başlanýar.

Şol bir wagtyň özünde, tmex.gov.tm web sahypasynda, birža harytlaryny gönümel öndürijilerden satmak teklipleri bilen funksional platformanyň üsti bilen habarlaşyp bilersiňiz. Şeýle hem birža harytlarynyň satuwy barada bildirişleri hem çap edip bolýar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

18:06 Sentýabr 23, 2026
Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

18:00 Sentýabr 23, 2026
«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

23:00 Sentýabr 22, 2026