Türkmenistanyň we BMGÖM-nyň taslamalarynyň ýerine ýetirilmegini Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde ara alyp maslahatlaşdylar


Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýew häzirki ikitaraplaýyn taslamalaryň maliýeleşdirilmegini we ýerine ýetirilmegini ara alyp maslahatlaşmak üçin BMGÖM-nyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Narine Saakýan bilen duşuşyk geçirdi.
Taraplar Türkmenistanyň Durnukly ösüşiň maksatlaryny ýerine ýetirmek boýunça ikinji Meýletin milli synynyň taýýarlanmagyny gözden geçirdiler. Bu meselede ýardam etmek üçin ýakyn wagtda Türkmenistana halkara bilermen geler – diýip, Saakýan habar berdi.
Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna (BSG) girmek prosesiniň ara alnyp maslahatlaşylýan wagtynda ýurduň wekiliýetiniň bu mesele boýunça Ženewada gepleşikleri geçirendigi bellenip geçildi. BMGÖM-nyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Türkmenistanyň BSG-na girmegine goldaw bermegiň çäreleri barada, onuň üçin şeýle hem täze hünärmeniň işe kabul edilendigi barada gürrüň berdi.
Duşuşykda Türkmenistanyň seýsmiki töwekgelçilikleri bahalandyrmakda, mümkin bolan ýer titremelerini öňünden duýdurmakda we oňa seslenmekde milli mümkinçilikleri pugtalandyrmagy güýçlendirmek taslamasyny maliýeleşdirmegiň meselelerine, şeýle hem Türkmenistanyň Statistika bardaky döwlet komiteti bilen bilelikde işewürlik-registri döretmek meselesine hem deglip geçildi.
ORIENT habarlar








