Futbol boýunça Merkezi Aziýanyň çempionatynyň bije atyşlygy maý aýynda bolar


Türkmenistanyň ýygyndysynyň gatnaşjak Merkezi Aziýanyň futbol boýunça birinji çempionatynyň bije atyşlygy maýyň başynda geçiriler. Bu barada Merkezi Aziýanyň Futbol birleşmesiniň (CAFA) metbugat-attaşesi Polat Allagulyýewe salgylanyp, TASS habar berýär.
«Bije atyşlygyň geçirilmeli wagty we ýeri ylalaşylma ýagdaýynda. Ol maý aýynda bolmaly» - diýip, Allagulyýew aýtdy.
9-njy iýundan 21-nji iýuna çenli Bişkekde we Daşkentde geçjek çempionatda Merkezi Aziýanyň Futbol birleşmesiniň agza-ýurtlary: Türkmenistan, Täjigistan, Eýran, Özbegistan, Gyrgyzstan we Owganystan çykyş ederler.
Russiýanyň ýygyndysy bu ýaryşa gatnaşýandygyny tassyklady. Mundan başga-da, Azianyň ýygydylarynyň birini çagyrmak meýilleşdirilýär.
Reglamente laýyklykda, sekiz topar hersi dört topardan iki kwartete (dörtlüge) bölüner. Iki toparyň ýeňijileri final ýaryşda duşuşarlar. Öz toparlarynda ikinji bolan toparlar üçünji ýer üçin göreşerler.
ORIENT habarlar








