Bütindünýä ösüş merkezi: garyplygy 2050-nji ýyla çenli ýeňip bolar


Bütindünýä ösüş merkezi (CGD) täze hasabaty çap etdi, oňa laýyklykda ykdysady ösüşiň häzirki depginleri 2050-nji ýyla çenli garyplygy gutarnykly aradan aýryp bolar. Bazarlaryň ösüşiniň uly bölegi orta girdejili ýurtlara degişli bolar.
Bilermenler taryhy, demografik we sosial-geografik faktorlary göz öňünde tutdular, olaryň kömegi bilen olar günde $2 girdejisi bolan adamlar asyryň ortasyna çenli öz maýasyny 4 esse artdyrjakdyklaryny kesgitläp bildiler. Afrikanyň garyp ilatynyň paýy taryhda iň pes derejä, häzir 29% bolanlygyndan 7% çenli düşmelidir. Şol bir wagtyň özünde ösen ýurtlaryň ilatynyň girdejisiniň haýal ösjekdigi bellenýär. Şeýlelikde, şol döwre çenli olaryň jan başyna düşýän JIÖ bary-ýogy 20% artar, ösüp barýanlaryňky bolsa – 40% artar.
«Bütindünýä garyplygyň derejesi onuň üç ýyl mundan ozal birnäçe faktorlar sebäpli – şol sanda COVID-19 pandemiýasy we beýleki faktorlar sebäpli artyp başlamazyndan ozal kemelipdi. Indi ony ýene-de kemeltmek gaty kyn bolýar» – diýip, CGD guramasynyň uly ylmy işgäri, bilermen Çarlz Kenni ýazýar.
Statistiki çaklamalardan başga-da, guramanyň wekilleri öz işinde sosial toparlaryň sazlaşykly işini nygtaýarlar, ol käbir raýatlaryň howpsuzlygy üçin wajypdyr, sebäbi adamlaryň abadançylygy diňe ykdysady faktorlar blen ölçenmeýär.
ORIENT habarlar








