Habarlar

23 ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi23 ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

23 ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Gijeki asmanda ýyldyzlaryň görnüşi barha kemelýär - ylmy-barlagGijeki asmanda ýyldyzlaryň görnüşi barha kemelýär - ylmy-barlag

Gijeki asmanda ýyldyzlaryň görnüşi barha kemelýär - ylmy-barlag

Rur uniwersitetinden ylmy-barlag topary 2011-nji ýyldan 2022-nji ýyllar aralygynda «Ýer şary-gijesine» ylmy taslamasynyň çäklerinde ýyldyzlara adaty göz bilen 50 000 syn etmeleri seljerdiler, olaryň netijesinde adamlaryň bütin dünýä boýunça gijeki asmanda barha az ýyldyz görýändikleri ýüze çykaryldy. Bu asmanyň ýagtylygynyň her ýylda 7-10% artýandygy bilen baglanyşyklydyr – diýip, Science žurnalynda neşir edilen ylmy-barlagyň netijeleri barada aýdylýar.