

Garagalpagystanda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygyny baýram etdiler
Garagalpagystan Respublikasynyň Nukus şäherinde Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre boldy. Bu barada Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçihanasynyň metbugat üçin ýaýradan maglumatynda habar berilýär.



















