HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

«ArtIst» türkmen teatry 10-njy aprelde Sankt-Peterburgda «Russiýada duşuşyklar» teatr festiwalynda çykyş eder

Aprel 01, 2023 | 20:45 |13674
«ArtIst» ýaşlar teatry 7-16-njy aprel aralygynda Sankt-Peterburgda geçiriljek GDA ýurtlarynyň «Russiýada duşuşyklar» halkara teatr festiwalynda ilkinji gezek Türkmenistana wekilçilik eder. Bu ýyl abraýly forum çärýek asyrlyk ýubileýini belleýär we rus dramaturgy Aleksandr Ostrowskiniň 200 ýyllygyna bagyşlanýar.«ArtIst» ýaşlar teatry 7-16-njy aprel aralygynda Sankt-Peterburgda geçiriljek GDA ýurtlarynyň «Russiýada duşuşyklar» halkara teatr festiwalynda ilkinji gezek Türkmenistana wekilçilik eder. Bu ýyl abraýly forum çärýek asyrlyk ýubileýini belleýär we rus dramaturgy Aleksandr Ostrowskiniň 200 ýyllygyna bagyşlanýar.
Çeşme: "ArtIst" teatryň tarapyndan berildi

«ArtIst» ýaşlar teatry 7-16-njy aprel aralygynda Sankt-Peterburgda geçiriljek GDA ýurtlarynyň «Russiýada duşuşyklar» halkara teatr festiwalynda ilkinji gezek Türkmenistana wekilçilik eder. Bu ýyl abraýly forum çärýek asyrlyk ýubileýini belleýär we rus dramaturgy Aleksandr Ostrowskiniň 200 ýyllygyna bagyşlanýar.

Ýeri gelende aýtsak, bu çäräniň hemişelik guramaçysy bolan «Baltika öýi» teatr-festiwalyna, Arkalaşygyň 10 ýurdundan - Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Abhaziýanyň, Belarusiýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Russiýanyň rus teatrlarynyň öňdebaryjy toparlary ýygnanar.

1-4.jpg

Hat-da, Piterde görkezmek üçin sahnalary, eýýäm öz saýtynda öňümizdäki çykyşlaryň afişasyny goýan «Baltika öýi» saýlaýar. Maksatnama, Mihail Lermontowyň adyny göterýän Gazagystanyň Milli Rus drama teatry tarapyndan sahnalaşdyrylan «Garpamyk» ertekisi bilen açylar.

10-njy aprelde «Düşewüntli ýer» spektakly bilen türkmen teatry sahna çykar. Petekler eýýäm satyşda, hat-da guramaçylaryň saýtynda onlaýn hem satyn alyp bilersiňiz.

2.jpg

Aşgabatda, Aleksandr Ostrowskiniň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Düşewüntli ýer» spektaklynyň ilkinji görkezilşi geçen ýylyň noýabr aýynda «ArtIst» teatrynda geçdi. Oýunda, durmuşyň köp meselelerini bir bada çözüp bilýän ahlak ýörelgeleri bilen baýlyga bolan islegiň arasyndaky baky dilemma barada aýdylýar. Režisýor – Mekan Jumabaýew, baş rollary ýerine ýetirýän artistler – Wasiliý Andronow, Igor Annagylyjow, Nina Supanko, Mekan Jumabaýew we başgalar.

Şeýle hem, teatryň işgärleri Piter festiwalynyň myhmanlary üçin «Kuşt-depdi» milli tansynyň ýerine ýetirilmeginde ýene bir reňkli mini-teatr çykyşyny taýýarladylar. Olar bu medeni çykyşyny fleş-mob stilinde «hödürlärler» we zaldaky her bir adam täsirli türkmen sazyna tans edip biler.

3.jpg

Şu ýyl 25 ýyly doldurýan Sankt-Peterburgyň «Russiýada duşuşyklar» teatr festiwaly tomaşaçylary daşary ýurtlardaky rus teatrlary bilen tanyşdyrýar. Forum, hemişe halk köpçüligine teatr dünýäsiniň täze atlaryny «açýar».

Festiwalyň dowamynda Piterde «Daşary ýurtdaky rus teatry Rus medeniýetiniň instituty hökmünde» atly halkara konferensiýa hem geçiriler. Iň köp garaşylýan waka bolsa, döredijilik ýokary bilim mekdepleriniň talyplarynyň teatr taslamalaryny hödürleýän «Ýaş režisýorlar ýarmarkasy». Olaryň çykyşlaryna teatrlaryň çeper ýolbaşçylary, režisýorlary we dramaturglary baha berýärler.

4.jpg

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

21:00 Awgust 20, 2026
Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

19:59 Awgust 20, 2026
Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

18:12 Awgust 20, 2026