Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Mart aýy Aşgabat we ýurdumyzyň beýleki sebitleri boýunça taryhda iň maýyl mart boldy

Aprel 02, 2023 | 15:27 |7279
Meteožurnalyň berýän habaryna görä, Aşgabatda 1891-nji ýyldan bäri alnyp barylýan howa gözegçiliginiň taryhynda iň maýyl mart rekordy täzelendi.Meteožurnalyň berýän habaryna görä, Aşgabatda 1891-nji ýyldan bäri alnyp barylýan howa gözegçiliginiň taryhynda iň maýyl mart rekordy täzelendi.
Çeşme: orient.tm

Meteožurnalyň berýän habaryna görä, Aşgabatda 1891-nji ýyldan bäri alnyp barylýan howa gözegçiliginiň taryhynda iň maýyl mart rekordy täzelendi.

Howanyň ortaça temperaturasy +17,4° deň bolup, bu görkeziji 2008-nji ýylda hasaba alnan rekorddan 0,1° dereje ýokarydyr.

Aýyň ähli günlerinde howanyň ýylylygy kadadan ýokary boldy. Kadanyň iň pes ýokary görkezijisi – 2°, käbir günlerde bolsa 10-12° deň boldy. Aýyň dowamynda iň gyzgyn howa +32,6°.

Mart aýy Aşgabatda diňe bir adatdan daşary gyzgyn bolman, eýsem gurak hem boldy. Kada boýunça 42mm ýagyn bary-ýogy 12,7mm deň boldy.

Baýramalyda iň gyzgyn howaly mart rekordy birbada 1,5° täzelendi. 2008-nji ýylda edilen iň ýokary bellik 16,9°, bu ýyl 18,4°.

Baýramalyda ýagyn hem az bolup, ol kadanyň diňe 14% -ini tutýar. Türkmenabatda hem rekord 1,5° ýokarlandy. Mart aýynyň temperaturasynyň 2008-nji ýyldaky iň ýokary görkezijisi+16,°, by ýyl bolsa +17,6 ° boldy, bu ýerde ýagan ýagyş kadanyň bary-ýogy 4% deňdir.

Sarahsda rekord 1,2° täzelendi. Bu ýerde 2008-nji ýylyň mart aýynda +17,7° hasaba alnan bolsa, bu ýyl howanyň temperaturasy +18,9° deň boldy. Mart aýynyň başynda şäheriň howasy + 35° derejä çykdy. Ygal kadanyň 25% -ine deň.

Geçen mart aýy Serhetabatda iň maýyl mart bolup, howanyň gyzgynlyk derejesi hasaba alnan görkezijiden 0.6° ýokarydyr. Ozal by ýerde hem iň gyzgyn mart 2008-nji ýylda hasaba alnypdy. Ýgal kadadan ep-esli pes, bary-ýogy 18%.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Starlink 2028-nji ýyla çenli adaty smartfonlar üçin hemra esasly 5G toruny ornaşdyrar

Starlink 2028-nji ýyla çenli adaty smartfonlar üçin hemra esasly 5G toruny ornaşdyrar

15:06 Awgust 07, 2026
Stambul 2026-njy ýylda dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynyň esasy merkezine öwrüldi

Stambul 2026-njy ýylda dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynyň esasy merkezine öwrüldi

15:03 Awgust 07, 2026
Tor arkaly iPhone 18 modeliniň tanyşdyrylyş senesiniň ähtimal wagty mälim edildi

Tor arkaly iPhone 18 modeliniň tanyşdyrylyş senesiniň ähtimal wagty mälim edildi

14:50 Awgust 07, 2026