HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hazar deňziniň töweregindäki motoýörişine gatnaşyjylar Türkmenbaşy we Aşgabat şäherine bararlar

Aprel 02, 2023 | 15:01 |12802
Hazarýaka ýurtlary bilen hoşniýetli gatnaşyklary berkitmek üçin döredilen «Hazar - Dostluk deňzi» atly ilkinji on günlük motoýöriş 1-nji aprelde Astrahan sebitinde başlandy. Motoýöriş taglymatyny Russiýanyň Prezidenti we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrligi goldady. Bu çärä Astrahan sebitiniň häkimi Igor Babuşkin ýolbaşçylyk etdi.Hazarýaka ýurtlary bilen hoşniýetli gatnaşyklary berkitmek üçin döredilen «Hazar - Dostluk deňzi» atly ilkinji on günlük motoýöriş 1-nji aprelde Astrahan sebitinde başlandy. Motoýöriş taglymatyny Russiýanyň Prezidenti we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrligi goldady. Bu çärä Astrahan sebitiniň häkimi Igor Babuşkin ýolbaşçylyk etdi.
Çeşme: телеграм-канал Игоря Бабушкина

Hazarýaka ýurtlary bilen hoşniýetli gatnaşyklary berkitmek üçin döredilen «Hazar - Dostluk deňzi» atly ilkinji on günlük motoýöriş 1-nji aprelde Astrahan sebitinde başlandy. Motoýöriş taglymatyny Russiýanyň Prezidenti we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrligi goldady. Bu çärä Astrahan sebitiniň häkimi Igor Babuşkin ýolbaşçylyk etdi.

1.jpg

Astrakanyň häkimi we motohereketiniň aktiwistleri on günde motosikllerde takmynan 5 müň kilometre barabar ýoly ýeňip geçer. Ýöriş 11-nji aprelde tamamlanar. Olar 2-nji aprelde Gazagystanyň Atyrau şäherine geldiler.

Motosikl sürüjileriniň topary Gazagystanyň başga bir şäherine – Aktau hem baryp görer, soň bolsa olara Türkmenistanda garaşylýar. Ilki olar Türkmenbaşa, soň bolsa Aşgabat şäherine bararlar.

2 (1).jpg

Ondan soňra – Eýranyň Babolser we Reşte, Azerbaýjanyň Astar we Baku, Russiýanyň Kaspisine. Atyrau bilen Aktaunyň arasyndaky iň uzyn geçelge 905 km, iň gysga - Astrahan bilen Atyrau arasynda 360 km bolar.

«Her döwletde resmi duşuşyklarymyz bolar, Türkmenistanda biz Türkmenistanyň Prezidenti, Azerbaýjanda premýer-ministri, Gazagystanda sebitleriň akimleri bilen, Eýranda Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän sebitleriň häkimleri bilen duşuşarys. Her ýerde Hazar hyzmatdaşlygymyzyň meselelerini ara alyp maslahatlaşarys», -diýip Babuşkin belledi.

3-5.jpg

Hazar deňzine çykýandygy üçin Astrahan sebiti halkara ugurlar ulgamynda möhüm orun tutýar. Sebit iki ýewoaziat ulag ugrunyň – Demirgazyk-Günorta geçelgesi bilen Günbatar-Gündogar geçelgesiniň çatrygynda ýerleşýär. Bu nukdaýnazardan, Astrahan sebitinde tutuş ulag-logistika toplumy, şol sanda port infrastrukturasy güýçli depdinde ösýär. Portyň esasy «Olýa» ykdysady zonasynda Türkmenistanyň Logistika merkezi hem ýerleşer.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

21:00 Awgust 20, 2026
Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

19:59 Awgust 20, 2026
Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

18:12 Awgust 20, 2026