Habarlar

Ýurdumyzyň iň gowy etrabyna Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragy gowşuryldyÝurdumyzyň iň gowy etrabyna Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragy gowşuryldy

Ýurdumyzyň iň gowy etrabyna Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragy gowşuryldy

Mälim bolşy ýaly, durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijileri boýunça iň ýokary netijeleri gazanmaga gönükdirilen däp bolan bäsleşik, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek hem-de sebitlerde ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak boýunça maksatnamalary durmuşa geçirmek ugrunda alnyp barylýan işleri höweslendirmek maksady bilen her ýyl geçirilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti “Gazprom” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygyny kabul etdiTürkmenistanyň Prezidenti “Gazprom” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti “Gazprom” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygyny kabul etdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Gazprom” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysyny mübärekläp, onuň ýurdumyza şu gezekki saparynyň ýangyç-energetika toplumyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna we umuman, köpugurly türkmen-rus gatnaşyklarynyň mundan beýlek-de giňeldilmegine ýardam berjekdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Russiýa Federasiýasy bilen strategik hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtap, öz gezeginde Russiýanyň Prezidentine salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.