Habarlar

Mary welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi ýaş we ýaşuly nesilleriň wekillerini sergä çagyrdyMary welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi ýaş we ýaşuly nesilleriň wekillerini sergä çagyrdy

Mary welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi ýaş we ýaşuly nesilleriň wekillerini sergä çagyrdy

Mary welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat komitetiniň muzeý işgärleri bilen bilelikde gurnan sergisi geçirildi. Sergi Türkmenistanda şu ýylyň "Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar" atly şygaryna bagyşlanýar we taryhy gymmatlyk bolan arheologik tapyndylary, arhiw resminamalaryny we suratlaryny, şeýle hem ýurduň häzirkizaman üstünliklerini, şol sanda maryly türgenleriň sport äleminde ýeten sepgitlerini öz üçine alýar.

Kuba Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Türkmenistanda işe başladyKuba Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Türkmenistanda işe başlady

Kuba Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Türkmenistanda işe başlady

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Kuba Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Karlos Enrike Waldes de la Konsepsýondan ynanç hatyny kabul etdi. Döwlet Baştutanymyzyň adyndan milli parlamentiň ýolbaşçysy ilçini jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasynda dostlugy we netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.