HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen ýokary okuw mekdebiniň rektory wodorody almak boýunça barlaglar barada gürrüň berdi

Aprel 26, 2023 | 11:59 |8059
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň wodorod energetikasy merkezi suwdan elektroliz usuly arkaly wodorody almak boýunça barlaglara başlady. Şunuň ýaly wodorod edil adaty ýangyç ýaly ýanýar, ýylylyk döretmek ukyby bolsa arassa wodorodyňka gabat gelýär.Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň wodorod energetikasy merkezi suwdan elektroliz usuly arkaly wodorody almak boýunça barlaglara başlady. Şunuň ýaly wodorod edil adaty ýangyç ýaly ýanýar, ýylylyk döretmek ukyby bolsa arassa wodorodyňka gabat gelýär.
Çeşme: redaksiýanyň arhiwinden

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň wodorod energetikasy merkezi suwdan elektroliz usuly arkaly wodorody almak boýunça barlaglara başlady. Şunuň ýaly wodorod edil adaty ýangyç ýaly ýanýar, ýylylyk döretmek ukyby bolsa arassa wodorodyňka gabat gelýär.

Türkmen hünärmenleriniň üstünlikleri barada ýokary okuw mekdebiniň rektory Baýrammyrat Atamanow Dubaýda geçirilýän Türkmenistanyň energetika pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara forumynda gürrüň berdi.

Rektor häzirki wagtda Merkezde tebigy gazdan metany konwersirlemek usuly bilen wodorody almak boýunça ýokary tehnologiýaly laborotoriýany döretmekligiň meýilleşdirilýändigini beýan etdi.

Şeýle hem nebit-gaz boýunça ýokary okuw mekdebiniň baştutany häzirki wagtda wodorod energetikasy babatynda özara gatnaşygy ýola goýmak boýunça Londonyň Imper kollejiniň ýer we inženerçilik ylmy baradaky Merkezi bilen gepleşikleriň geçirilýändigini sözüniň üstüne goşdy.

Uniwersitet Türkmenistanyň ÝET üçin iň gowy hünärmenleri taýýarlamak boýunça maksada gönükdirilen işleri alyp barýar. Bu işjeňligi kämilleşdirmek üçin okuw prosessine «Wodorod energetikasynyň fiziki-himiki esaslary» dersini ornaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026