HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan himiýa önümlerini öndüriji iki sany gazy gaýtadan işleýji täze toplum gurar

Aprel 26, 2023 | 11:21 |8601
Türkmenistanyň tebigy gaz ylmy-barlag instituty ýurduň gündogar we günbatar welaýatlarynda polimer we köp funksiýaly himiki önümleri öndürmek boýunça azyndan iki sany gazy gaýtadan işleýji zawody döretmekligiň üstünde işleýär.Türkmenistanyň tebigy gaz ylmy-barlag instituty ýurduň gündogar we günbatar welaýatlarynda polimer we köp funksiýaly himiki önümleri öndürmek boýunça azyndan iki sany gazy gaýtadan işleýji zawody döretmekligiň üstünde işleýär.
Çeşme: redaksiýanyň arhiwinden

Türkmenistanyň tebigy gaz ylmy-barlag instituty ýurduň gündogar we günbatar welaýatlarynda polimer we köp funksiýaly himiki önümleri öndürmek boýunça azyndan iki sany gazy gaýtadan işleýji zawody döretmekligiň üstünde işleýär.

Bu barada «Türkmengaz» döwlet konserniniň tebigy gaz YBI-niň direktory Baýrammyrat Pirniýazow Dubaýda geçýän Türkmenistanyň nebit-gaz pudagyna maýa goýumlary çekmek boýunça Halkara forumyň barşynda aýtdy.

Ylmy barlaglaryň ekologiýa ugruna bagyşlanan hasabatynda institutyň baştutany Türkmenistanda gazy gaýtadan işlemek boýunça işleriň iki esasy ugur boýunça alnyp barylýandygyny, olardan birinjisiniň ýokary tehnologiýaly çözgütleri ulanyp, gerekli infrastrukturany döretmegi göz öňünde tutýandygyny beýan etdi.

Ikinji ugur önümçiligiň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna degişlidir, hususan-da – wodorodyň, metanolyň, ammiagyň, karbamidiň, dimetil efiriniň, sintetiki benziniň we sintetiki dizel ýangyjynyň assortimentini we çykarylyşynyň möçberlerini artdyrmakdyr.

Häzirki wagtda Türkmenistanda şuňa meňzeş kärhanalaryň eýýäm birnäçesi hereket edýär. Önümçilikleriň döredilmegi çig malyň gorlarynyň bar bolan Lebap we Balkan welaýatlarynda göz öňünde tutulmagy belläp geçerliklidir.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

17:00 Iýun 21, 2026
Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

13:00 Iýun 21, 2026
Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

10:00 Iýun 21, 2026