Habarlar

Türkmen agyr atletikaçysy Bogotada geçýän dünýä çempionatynyň kümüş baýragynyň eýesi boldyTürkmen agyr atletikaçysy Bogotada geçýän dünýä çempionatynyň kümüş baýragynyň eýesi boldy

Türkmen agyr atletikaçysy Bogotada geçýän dünýä çempionatynyň kümüş baýragynyň eýesi boldy

Türkmenistanyň at gazanan sport ussady Rejepbaý Rejepow Kolumbiýanyň Bogota şäherinde geçýän agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda 81 kg. çenli agram derejesinde iki görnüşiň jemi boýunça 366 kg. netije görkezip, kümüş medal gazandy. Şeýle hem ol itekläp götermekde kiçi altyn medala we birden götermekde kiçi kümüş medala mynasyp boldy.

FIFA Katarda geçýän dünýä çempionatynyň ýarym final we final duşuşyklarynda oýnaljak resmi pökgini görkezdiFIFA Katarda geçýän dünýä çempionatynyň ýarym final we final duşuşyklarynda oýnaljak resmi pökgini görkezdi

FIFA Katarda geçýän dünýä çempionatynyň ýarym final we final duşuşyklarynda oýnaljak resmi pökgini görkezdi

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) resmi saýtynda Katarda geçýän dünýä çempionatynyň ýarym final hem-de final duşuşyklarynda oýnaljak pökgini görkezdi. Pökgä Al Hilm diýen at berildi, ol arap dilinden terjime edilende “Arzuw” diýmegi aňladýar. Ýaryşyň toparçalardaky tapgyrynda, şeýle hem utulan çykdy tapgyrynyň ilkinji iki duşuşyklarynda Al Rihla (“Syýahat”) atly pökgi ulanyldy.

Türkmenistanyň agyr atletikaçylary üçin Olimpiýa oýunlary boýunça saýlama ýaryşlary belli boldyTürkmenistanyň agyr atletikaçylary üçin Olimpiýa oýunlary boýunça saýlama ýaryşlary belli boldy

Türkmenistanyň agyr atletikaçylary üçin Olimpiýa oýunlary boýunça saýlama ýaryşlary belli boldy

Halkara agyr atletika federasiýasy (IWF) Parižde geçiriljek 33-nji tomusky Olimpiýa oýunlaryna bilet almak üçin saýlama ýaryşlarynyň doly sanawyny yglan etdi. Bu sanaw 2022-nji ýylyň 5-nji dekabryndan 17-nji dekabry aralygynda dünýä çempionatyndan öň Kolumbiýanyň Bogota şäherinde geçirilýän Halkara agyr atletika federasiýasynyň ýörite gurultaýynda yglan edildi.