Türkmenistanly ýaş tennisçi Türkiýede geçirilen halkara bäsleşiginiň ýeňijisi boldy


Türkmenistanyň ýaş tennisçisi Sülgün Işangulyýewa Türkiýäniň Izmir şäherinde 10 ýaşa çenli çagalaryň arasynda geçirilen halkara tennis ýaryşynda ýeňiji boldy. Bu barada şu gün resmi türkmen metbugaty ýazýar.
Bu ýeňiş ýolunda SülgünTürkiýäniň dürli şäherlerinden garşydaşlaryny ýeňmegi başardy. Ýaş tennisçi ilkinji duşuşykda Ipek Gürsesi 4:0, 4:1 hasabynda, ikinji duşuşykda Bade Günerden 4:1, 4:0 hasabynda üstün çykmagy başardy.
Üçünji duşuşykda Deniz Baýsaldan üstün çykmak bilen, jemleýji tapgyrda 9 ýaşly türgen Sahra Nakhir Temiz bilen geçiren duşuşygynda ony 4:2, 4:1 hasabynda ýeňlişe sezewar edip, ýeňiş gazandy.
Ýeri gelende bellesek, Sülgün Işangulyýewa Türkmenistanyň çempiony Ýuriý Rogusskiden tälim alýar.
ORIENT news
Surat: instagram.com/ @sulgunberkarar








