HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Özbek hünärmeni Türkmenistanyň futbol tälimçileri üçin ygtyýarnama almak boýunça okuw sapagyny geçirýär

Dekabr 06, 2022 | 20:11 |5002
Aşgabatda Aziýa Futbol Konfederasiýasynyň (AFK) futbol tälimçileriniň «A» derejesi boýunça ygtyýarnama almak üçin okuw sapaklary geçirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Futbol Federasiýasynyň web saýty habar berýär.Aşgabatda Aziýa Futbol Konfederasiýasynyň (AFK) futbol tälimçileriniň «A» derejesi boýunça ygtyýarnama almak üçin okuw sapaklary geçirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Futbol Federasiýasynyň web saýty habar berýär.
Çeşme:

Aşgabatda Aziýa Futbol Konfederasiýasynyň (AFK) futbol tälimçileriniň «A» derejesi boýunça ygtyýarnama almak üçin okuw sapaklary geçirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Futbol Federasiýasynyň web saýty habar berýär.

Ygtyýarnama almak okuwynyň maksatnamada bu ikinji okuw modulydyr. Onuň birinji bölümi noýabr aýynda gurnaldy. Okuwlary Özbegistandan gelen hünärmen, FIFA we AFK-nyň bilermeni Usmon Toşew alyp barýar we oňa AFK-nyň bilermeni, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Röwşen Muhadow ýardam edýär. Umuman aýdanymyzda, 24 ýerli futbol tälimçisi nazaryýet bilimlerinden başga-da, amaly tejribelerini hem özleşdirýärler.

Özbek hünärmeni türkmen futbolynyň ösüşiniň geljegine oňyn baha berdi we munuň üçin ýurtda ähli şertleriň döredilendigini belledi.

Okuw sapagy 12-nji dekabra çenli dowam eder.

«A» derejeli ygtyýarnama futbolda we onuň görnüşlerinde tälimçi, ýurduň birinji diwizionyň toparlarynda baş tälimçi, şeýle hem AFK kubogynda topar tälimçisi bolup işlemek hukugyny berýär.

ORIENT news
Surat: Türkmenistanyň futbol federasiýasy tarapyndan berildi

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026