

Türkmen uniwersitetleri Halkara uniwersitetler birleşigi bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirýärler
Türkmen uniwersitetleri Halkara uniwersitetler birleşigi (UIA), şol sanda ylmy žurnalistika pudagyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrarlar.


Türkmen uniwersitetleri Halkara uniwersitetler birleşigi (UIA), şol sanda ylmy žurnalistika pudagyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrarlar.


Türkiýäniň Daşary Ýurtlardaky Türkler we Garyndaş Jemgyýetler Müdirligi (YTB) tarapyndan jemgyýetçilik, medeni we bilim taslamalarynyň birnäçesi durmuşa geçirilýär. Şol taslamalar ýakyn geografiýada ýerleşýän garyndaş halklardaky adam kapitalynyň ösdürülmegine gönükdirilen.


Ýewropa Birleşiginiň wekiliýeti Aşgabatda Ýewropa ýurtlarynyň we guramalarynyň Türkmenistan bilen bilelikde bilim pudagynda özara gatnaşyklaryna bagyşlanan duşuşyk geçirildi, bu ýerde soňkywagtlardaky hyzmatdaşlygyň netijeleri, geljekki meýilnamalar we bilelikdäki taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.


Russiýa Federasiýasynyň Federasiýa Geňeşiniň başlygy sebitara hyzmatdaşlygyň Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn parlament gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegidigini aýtdy. “Astrahan oblastyndan daşary, Tatarstan we Sankt-Peterburg Türkmenistan bilen uzak wagt bäri üstünlikli işleşýär, Çelýabinsk oblasty hem işjeň goşulyp ugrady.


Russiýa bilen Türkmenistan birek-biregiň bähbitlerini göz öňünde tutýarlar we syýasy işlerde durnuklylygy saklaýarlar. Bu barada Federasiýa Geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenko Moskwa sapar bilen baran Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bolan duşuşykda aýtdy.


Nižnyý Nowgorodda (Russiýa) “Serhetsiz ylym” atly forum GDA ýurtlaryna, Çernogoriýa, Eýrana, Hindistana we HHR-e wekilçilik edýän ýaş alymlaryň 400-e golaýyny bir ýere jemledi. Maslahat Arkalaşygyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna hem-de Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň 300 ýyllyk şanly senesine bagyşlandy diýip, RIA “Nowosti” ýazýar.


Türkmenistanda däp bolan güýzki ählihalk bag ekişlik dabarasy 5-nji noýabr, şenbe güni geçiriler. Köpçülikleýin bag ekişlik kampaniýasynyň senesi Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýurduň welaýat ýolbaşçylary we agrosenagat toplumy boýunça wise-premýer Annageldi Ýazmyradow bilen geçiren wideo maslahatynda yglan edildi.


2022-nji ýylyň 2-nji noýabryndan “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň uçarlary gyşky uçuş meýilnamasyna laýyklykda uçup başlar. Moskwadaky Domodedowo Halkara howa menzili (RF) 2023-nji ýylyň 22-nji martyna çenli hereket etjek täzelenen uçuş tertibi bilen tanyş edýär.


Ýaşaýyş toplumlarynda ýerleşýän çagalar meýdançalary eýýäm adaty ýagdaýa öwrüldi. Bu täze jaýlaryň, taslamalary çagalar üçin amatly oýun meýdançalaryny döretmegi göz öňünde tutýan ýaşaýyş toplumlarynyň işjeň gurulmagy bilen baglanyşykly. Şeýle hem, ýurtda köne meýdançalary çagalaryň beden taýdan ösüşine gönükdirilen täze döwrebap meýdançalara çalyşmak maksatnamasy durmuşa geçirilýär.


Howly we balkon mebellerini özboluşly görnüşlerini satmaga ýöriteleşen Bossan concept kompaniýasy 24-nji oktýabrdan başlap Aşgabatda täze ýyl agaçlaryny, täze ýyl arçalarynyň oýnawaçlaryny we şol baýramçylyga dahylly bolan beýleki harytlarynyň dürli görnüşleriтш satuwa çykardy.


28-nji oktýabr, anna güni Moskwada Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde rus-türkmen geňeşmeleriniň nobatdaky tapgyry geçirildi. Duşuşygyň mowzugy – täze wehimlere we howplara garşy göreşmek, terrorçylyga garşy göreşde halkara hyzmatdaşlygy.


Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy Rahymberdi Jepbarow daşary ýurtly maýadarlarlary Türkmenistanda "ýaşyl" taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga çagyrdy.


«Howsalada gerek ýantorba» adalgasy adamyň aňynda elmydama ýakymsyz duýgy döredýär: bu söz düzümi agzalanda hemişe diýen ýaly betbagtçylyk ýa-da heläkçilik göz öňüne gelýär. Şeýle «toplum» geljekden heder etmegiň nyşanyna öwrüldi. «Howsalada gerek ýantorba» düşünjesiniň özi ykdysady çökgünliklerden ýa-da köpçülikleýin göçüp-gonmalardan has öň ýüze çykypdy.


Garaşsyz Türkmenistanyň Konstitusiýasy 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda kabul edildi we şol ýylyň 12-nji dekabrynda çap edildi. Bu sene Türkmenistanyň döwlet binýadynyň döredilmeginiň başlangyjy boldy.


Türkmenistanyň tebigy gaz we nebit çykaarmak boýunça öňdebaryjy ýurtlaryň biri bolup durýandygy sebäpli, Aşgabatda häzirki geçirilýän nebitgaz forumynyň gün tertibindäki möhüm mesele metanyň bölünip çykmalaryny dolandyrmakdan ybaratdyr diýip, OGT-2022-ä gatnaşýan ABŞ-nyň ilçisi Mettýu Stiwen Klimou hasaplaýar.