HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Matwienko Gurbanguly Berdimuhamedowy Russiýanyň sebitleriniň birine baryp görmäge çagyrdy

Noýabr 03, 2022 | 06:49 |11835
Russiýa Federasiýasynyň Federasiýa Geňeşiniň başlygy sebitara hyzmatdaşlygyň Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn parlament gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegidigini aýtdy. “Astrahan oblastyndan daşary, Tatarstan we Sankt-Peterburg Türkmenistan bilen uzak wagt bäri üstünlikli işleşýär, Çelýabinsk oblasty hem işjeň goşulyp ugrady.Russiýa Federasiýasynyň Federasiýa Geňeşiniň başlygy sebitara hyzmatdaşlygyň Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn parlament gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegidigini aýtdy. “Astrahan oblastyndan daşary, Tatarstan we Sankt-Peterburg Türkmenistan bilen uzak wagt bäri üstünlikli işleşýär, Çelýabinsk oblasty hem işjeň goşulyp ugrady.
Çeşme:

Russiýa Federasiýasynyň Federasiýa Geňeşiniň başlygy sebitara hyzmatdaşlygyň Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn parlament gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegidigini aýtdy. “Astrahan oblastyndan daşary, Tatarstan we Sankt-Peterburg Türkmenistan bilen uzak wagt bäri üstünlikli işleşýär, Çelýabinsk oblasty hem işjeň goşulyp ugrady. Russiýa Federasiýasynyň 60 subýekti belli bir derejede Türkmenistan bilen aragatnaşyk saklaýar" – diýip, Walentina Matwienko aýtdy. Ol Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa amala aşyrjak indiki saparynyň dowamynda Russiýanyň sebitleriniň birine baryp görjekdigine umyt bildirdi.

“Siziň döwletiňiziň alyp barýan oňyn bitaraplyk syýasatyna uly hormat goýýarys. Şeýle-de bolsa, biz Türkmenistanyň guramanyň dolyhukukly agzasy hökmünde işini dowam etdirmegi üçin, GDA-nyň döwletleriniň parlamenara Assambleýasynyň konwensiýasyna goşular diýip umyt edýäris" – diýip, Federasiýa Geňeşiniň baştutany aýtdy. Bu barada Federasiýa Geňeşiniň internet saýtyndaky habarda aýdylýar.

Walentina Matwienko Gurbanguly Berdimuhamedowy GDA-nyň döwletleriniň parlamenara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşmaga çagyrdy, bu çäreleriň nobatdakysy geljek ýylyň ýazynda Sankt-Peterburgda geçiriler.

Ozal habar berlişi ýaly, Russiýa Federasiýasynyň paýtagtynda geçirilen duşuşykda Walentina Matwienko we Gurbanguly Berdimuhamedow Federasiýa Geňeşi bilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara topary döretmek baradaky şertnama gol çekdiler.

Walentina Matwienko bu toparyň ilkinji mejlisini Moskwada we Astrahanda geçirmegi teklip etdi.

Duşuşygyň netijeleri boýunça žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda Walentina Matwienko ykdysady gatnaşyklaryň, ilkinji nobatda bolsa, energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygyň ösmegine has köp üns berilmelidigini aýtdy. “Häzirkizaman şertlerinde bu ugurda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, dünýä energiýa bazarlarynda tagallalaryň utgaşdyrylmagynyň iki döwlet üçin hem möhüm ähmiýete eýedigi barada pikirlerimiz deň gelýär. Biz bu ugurdaky ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary ederis".

ORIENT news
Foto: council.gov.ru

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026