

Türkmenistanyň Ýaşlar guramasy Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli makalalar we suratlar bäsleşigini geçirýär
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli döredijilik bäsleşigini yglan etdi. Bäsleşigiň maksady ýaş nesli döredijilik işlerine çekmekden, zehinli ýazyjylary we suratçylary ýüze çykarmakdan we olary höweslendirmekden ybaratdyr. Bäsleşige mekdep okuwçylary bilen birlikde 35 ýaşa çenli ýaşlar hem gatnaşyp bilerler.




















