HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda çagalaryň hukuklary boýunça hereketleriň täze Milli meýilnamasynyň taslamasy taýýarlanyldy

Dekabr 06, 2022 | 21:18 |2828
Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda 2023-2028-nji ýyllar üçin Çagalaryň hukuklary boýunça hereketleriň nobatdaky Milli meýilnamasyny (ÇHHMM) işläp taýýarlamak boýunça maslahatlaşmalaryň tapgyry tamamlandy. Maslahatlaşmalar adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukuklary babatda halkara borçnamalaryny berjaý etmek boýunça Pudagara toparynyň Sekretariaty hökmünde onuň ygtyýarlyklary göz öňünde tutulyp, bu işde esasy orun eýelän Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty we ÝUNISEF bilen bilelikde alnyp baryldy.Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda 2023-2028-nji ýyllar üçin Çagalaryň hukuklary boýunça hereketleriň nobatdaky Milli meýilnamasyny (ÇHHMM) işläp taýýarlamak boýunça maslahatlaşmalaryň tapgyry tamamlandy. Maslahatlaşmalar adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukuklary babatda halkara borçnamalaryny berjaý etmek boýunça Pudagara toparynyň Sekretariaty hökmünde onuň ygtyýarlyklary göz öňünde tutulyp, bu işde esasy orun eýelän Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty we ÝUNISEF bilen bilelikde alnyp baryldy.
Çeşme:

Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda 2023-2028-nji ýyllar üçin Çagalaryň hukuklary boýunça hereketleriň nobatdaky Milli meýilnamasyny (ÇHHMM) işläp taýýarlamak boýunça maslahatlaşmalaryň tapgyry tamamlandy. Maslahatlaşmalar adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukuklary babatda halkara borçnamalaryny berjaý etmek boýunça Pudagara toparynyň Sekretariaty hökmünde onuň ygtyýarlyklary göz öňünde tutulyp, bu işde esasy orun eýelän Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty we ÝUNISEF bilen bilelikde alnyp baryldy.

“Täze ÇHHMM 2018-2022-nji ýyllar üçin Çagalaryň hukuklary boýunça hereketleriň häzirki milli meýilnamasyna hemmetaraplaýyn baha bermäge hem-de gazanylan üstünlikler, sapak bolan ugurlar we ileri tutulýan ýagdaýlar bilen birlikde, köpsanly hyzmatdaşlar hem-de ony durmuşa geçiriji guramalar bilen ara alyp maslahatlaşylmagyna esaslandy” diýlip, sişenbe güni ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky edarasynyň ýaýradan metbugat beýanatynda aýdylýar.

3-1.jpg

2023-2028-nji ýyllar üçin hereketleriň ikinji Milli meýilnamasynyň işlenlip taýýarlanylmagy çagalaryň bähbitleri hem-de olaryň mundan beýläk-de giňeldilmegi ugrunda gazanylan netijeleriň durnuklylygyny üpjün etmäge ýurduň hökümetiniň ýokary ygrarlylygyny tassyklaýar. “Meýilnama DÖM gazanmaak üçin aýgytlaýjy ähmiýete eýedir, çünki çagalaryň hukuklary we DÖM biri-birini özara güýçlendirýär: çagalaryň hukuklary DÖM üstünlikli durmuşa geçirilmezden amala aşyrylyp bilinmez we tersine” diýip, BMG-niň Çagalar gaznasynyň wekilhanasynda nygtadylar.

4-1.jpg

Şeýle hem täze ÇHHMM-niň taslamasynyň ilki bilen adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukuklary babatda Türkmenistan tarapyndan halkara borçnamalarynyň berjaý edilişi boýunça Pudagara toparynyň agzalaryna hödürlenendigi, şondan soň ähli welaýatlarda sebitleriň ýolbaşçylarynyň orunbasarlary, dikeldiş merkezleriň, çagalar öýleriniň, kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işleri boýunça toparlaryň, polisiýanyň, durmuş ulgamy işgärleriniň, Zenanlar birleşmesiniň we Ýaşlar guramasynyň wekilleri bilen maslahatlaşmalaryň geçirilendigi düşündirilýär.

Hereketleriň täze milli mýilnamasynyň hökümet tarapyndan 2023-nji ýylda tassyklanylmagyna garaşylýar.

ORIENT news
UNICEF in Turkmenistan

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Özbegistanda yslam siwilizasiýasynyň mirasyna bagyşlanan halkara media-forumy geçiriler

Özbegistanda yslam siwilizasiýasynyň mirasyna bagyşlanan halkara media-forumy geçiriler

11:40 Awgust 25, 2026
Şahrisabz Bütindünýä senetçilik şäherleriniň hataryna goşuldy: «Iroki» keşdesiniň halkara ykrar edilmesi

Şahrisabz Bütindünýä senetçilik şäherleriniň hataryna goşuldy: «Iroki» keşdesiniň halkara ykrar edilmesi

11:29 Awgust 25, 2026
Pakistanyň Maglumat tehnologiýalary ministrligi Türkmenistan bilen bilelikdäki taslamalaryň mümkinçiliklerini öwrenýär

Pakistanyň Maglumat tehnologiýalary ministrligi Türkmenistan bilen bilelikdäki taslamalaryň mümkinçiliklerini öwrenýär

08:07 Awgust 25, 2026