Habarlar

Tatarstandaky "Garly ýoda" - "Ýüpek ýoly" ralliýaryşynyň täze görnüşiTatarstandaky "Garly ýoda" - "Ýüpek ýoly" ralliýaryşynyň täze görnüşi

Tatarstandaky "Garly ýoda" - "Ýüpek ýoly" ralliýaryşynyň täze görnüşi

Taryhda ilkinji gezek “Garly ýoda” ady bilen gar ulaglarynda ralli ýaryşy Tatarstanyň gar bilen örtülen ajaýyp gyş tebigatynyň goýnunda geçiriler. 2023-nji ýylyň fewral aýynda “Ýüpek ýoly” Halkara ralli müdirligi ýaryşyň täze görnüşini açýar we “Ýüpek ýoly” ralli-reýdiniň gar ulaglarynda halkara sport ýaryşynyň (Silk Way Snow Journey) geçiriljekdigini yglan edýär – diýip, guramaçylaryň metbugat beýanatynda aýdylýar.

GDA-nyň II oýunlary Belarusuň ähli sebitlerinde geçirilerGDA-nyň II oýunlary Belarusuň ähli sebitlerinde geçiriler

GDA-nyň II oýunlary Belarusuň ähli sebitlerinde geçiriler

Taryhda ilkinji gezek giň gerimli sport forumy Belarusuň ähli welaýatlarynda – Minskde, Borisowda, Soligorskde, Molodeçnoda, Brestde, Orşda, Žlobinada, Grodnoda, Mogilewde geçiriler. Ýaryşlar sportuň 20 görnüşi boýunça geçer. Ýaryşlara 23 ýaşdan uly bolmadyk türgenleriň azyndan iki müňe golaýy gatnaşar, olar ýany bilen tälimçiler, eminler, sport ulgamynyň ýolbaşçylary, lukmanlar, žurnalistler hem-de janköýerler geler.

Türkmenistanyň baş arçasy GDA ýurtlarynyň arasynda iň beýik arçaTürkmenistanyň baş arçasy GDA ýurtlarynyň arasynda iň beýik arça

Türkmenistanyň baş arçasy GDA ýurtlarynyň arasynda iň beýik arça

43 metr beýiklikdäki Türkmenistanyň baş täze ýyl arçasy GDA ýurtlarynyň Täze ýyl arçalarynyň arasynda iň beýik diýlip ykrar edildi we birinji ýeri eýeledi. Ýerewanyň arçasy 37 metr, Daşkendiň arçasy – 35 metr, Baku şäherindäki arça - 34 metr we Duşanbe şäherindäki - 30 metr, - diýip, Arkalaşygyň ýurtlarynyň täze ýyl arçalarynyň sanawyny düzen Turstat portaly habar berýär.