GDA-nyň II oýunlary Belarusuň ähli sebitlerinde geçiriler


Taryhda ilkinji gezek giň gerimli sport forumy Belarusuň ähli welaýatlarynda – Minskde, Borisowda, Soligorskde, Molodeçnoda, Brestde, Orşda, Žlobinada, Grodnoda, Mogilewde geçiriler. Ýaryşlar sportuň 20 görnüşi boýunça geçer. Ýaryşlara 23 ýaşdan uly bolmadyk türgenleriň azyndan iki müňe golaýy gatnaşar, olar ýany bilen tälimçiler, eminler, sport ulgamynyň ýolbaşçylary, lukmanlar, žurnalistler hem-de janköýerler geler.
Belarus GDA-nyň II oýunlaryny 4-14-nji awgust aralygynda kabul eder diýip, GDA-nyň kanunçylyk we beýleki edaralarynyň ýanyndaky Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň hemişelik ygtyýarly wekilleriniň Geňeşiniň mejlsinde habar berildi. Şeýle hem Geňeş GDA-nyň üçünji oýunlarynyň geçiriljek ýerini hem kesgitledi – çäre 2025-nji ýylda Azerbaýjanda geçiriler diýlip, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň saýtynda aýdylaýar.
Şeýle hem duşuşykda Arkalaşygyň howandarlygynda sport ýaryşlaryny – sportuň käbir görnüşleri boýunça GDA-nyň çempionatlaryny, ýaryşlaryny hem-de kubok ugrundaky bäsleşikleri geçirmek baradaky meselelere garaldy. Geljekde KHL ýa-da NHL çalymdaş sportuň dürli görnüşleri boýunça ligany döretmegiň mümkinçlikleri barada hem gürrüň edildi. Duşuşyga gatnaşyjylar GDA-nyň sport ulgamynyň täze pikirler üçin giňden açykdygyny, çünki ynsanperwer hyzmatdaşlykda hiç bir çetde galanyň bolmaly däldigini bellediler.
Duşuşyga gatnaşyjylar GDA-ýurtlarynyň maýyp çagalarynyň gyşky we tomusky spartakiadalaryny döretmek barada RF-niň başlangyjyny ýene-de bir gezek ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle ýaryşlaryň 2024-nji ýylda Gyşky spartakiadadan hem-de 2026-njy ýylda Tomusky spartakiadanan başlap dört ýyldan bir gezek geçirilmegi göz öňünde tutulýar.
GDA ýurtlarynyň II oýunlarynyň çäklerinde, şeýle hem bedenterbiýe we sport ulgamynda ylmy-amaly maslahat, GDA gaatnaşyjy döwletleriň Bedenterbiýe we sport baradaky Geňeşiniň mejlisi geçiriler. Mundan başga-da, GDA agza ýurtlaryň medeniýetleriniň sergileri guralar, dopinge garşy agentlik bolsa türgenler üçin bilim maksatnamasyny taýýarlar.
GDA ýurtlaryň birinji oýunlarynyň 2021-nji ýylyň sentýabrynda Kazanda geçirilendigini ýatlamak gerek. Şol oýunlara Arkalaşygyň döwletlerinden 14-23 ýaş aralygyndaky türgenleriň 1 139-sy gatnaşdy. Oýunlaryň maksatnamasyna sportuň 16 görnüşi girizilipdi.
ORIENT news








