HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Tatarstandaky "Garly ýoda" - "Ýüpek ýoly" ralliýaryşynyň täze görnüşi

Dekabr 22, 2022 | 04:50 |14460
Taryhda ilkinji gezek “Garly ýoda” ady bilen gar ulaglarynda ralli ýaryşy Tatarstanyň gar bilen örtülen ajaýyp gyş tebigatynyň goýnunda geçiriler. 2023-nji ýylyň fewral aýynda “Ýüpek ýoly” Halkara ralli müdirligi ýaryşyň täze görnüşini açýar we “Ýüpek ýoly” ralli-reýdiniň gar ulaglarynda halkara sport ýaryşynyň (Silk Way Snow Journey) geçiriljekdigini yglan edýär – diýip, guramaçylaryň metbugat beýanatynda aýdylýar.Taryhda ilkinji gezek “Garly ýoda” ady bilen gar ulaglarynda ralli ýaryşy Tatarstanyň gar bilen örtülen ajaýyp gyş tebigatynyň goýnunda geçiriler. 2023-nji ýylyň fewral aýynda “Ýüpek ýoly” Halkara ralli müdirligi ýaryşyň täze görnüşini açýar we “Ýüpek ýoly” ralli-reýdiniň gar ulaglarynda halkara sport ýaryşynyň (Silk Way Snow Journey) geçiriljekdigini yglan edýär – diýip, guramaçylaryň metbugat beýanatynda aýdylýar.
Çeşme:

Taryhda ilkinji gezek “Garly ýoda” ady bilen gar ulaglarynda ralli ýaryşy Tatarstanyň gar bilen örtülen ajaýyp gyş tebigatynyň goýnunda geçiriler. 2023-nji ýylyň fewral aýynda “Ýüpek ýoly” Halkara ralli müdirligi ýaryşyň täze görnüşini açýar we “Ýüpek ýoly” ralli-reýdiniň gar ulaglarynda halkara sport ýaryşynyň (Silk Way Snow Journey) geçiriljekdigini yglan edýär – diýip, guramaçylaryň metbugat beýanatynda aýdylýar.

11.png

Bäsleşik 2023-nji ýylyň 22-nji fewralyndan 25-nji fewraly aralygynda “gar ulagynda enduro” görnüşinde kross-kantri tertibi boýunça geçiriler. Ýaryşa gatnaşyjylar umumy uzynlygy 300 kilometre barabar üç bölekden ybarat bolan aralyklary geçmeli bolarlar. Ralli ýaryşynyň ugry öňünden taýýarlanan ýollar boýunça däl-de, beýikli-pesli ýolsuz ýerden geçer.

Türgenler bu aralyklary bellenen wagt aralygynda çalt geçmäge çalyşmaly we nawigasiýa ulgamyny ulanmak arkaly, guramaçy tarapyndan göz öňünde tutulan ähli barlag nokatlaryny yzygiderli açyp, pellehana çykmaly. Garly ýodada guralýan ýaryşlara gatnaşyjylar diňe aralygy çalt geçmegi däl, eýsem ýolbelet hökmünde-de öz başarnyklaryny ýüze çykarmaly bolarlar.

Ulaglaryň görnüşine baglylykda, gatnaşyjylar ussat halypalar we ralli bilen ýaňy meşgullanyp ugran ýaş türgenler üçin deň derejede barlyşyksyz söweşi üpjün etjek bäş sany hasap derejesine bölüner.

2.jpg

Tatarystandaky "Garly ýoda" ralli ýaryşynyň ugry "Ýüpek ýoly" müdirliginiň iň tejribeli hünärmenleri tarapyndan taýýarlandy we RHF-nyň ýokary howpsuzlyk standartlaryna doly laýyk gelýär. Tomusky ýörişde bolşy ýaly, gyssagly kömek gulluklarynyň ýokary derejeli hünärmenleri hemişe islendik ýagdaýda kömek etmäge taýýar bolarlar.

Silk Way Snow Journey ralli ýaryşynyň akkreditasiýasynyň başlanýan wagty barada goşmaça habar berler. Gar ulagynyň eýesi bolan islendik adamyň bu ýaryşda öz güýjüni synap görmäge mümkinçiligi bar. Tejribeli ralliçiler bolsa oňa gatnaşyp, özleri üçin “Ýüpek ýoly” taslamasynyň täze bir ugruny açmaga ajaýyp mümkinçilik alarlar. Absolýut hasapda iň ýüwrük ulaglaryň “çapyksuwarlarynyň” bäşisi bir ýarym million rubly baýrak hökmünde özara paýlaşarlar – diýlip, habarda bellenip geçilýär.

“Ýüpek ýoly” Halkara ralli müdirligi 13 ýyldan gowrak wagt bäri Ýewraziýanyň iň ajaýyp ugurlary boýunça ýaryşlar geçirýär: olara gatnaşyjylar sähralarda we çöllerde bolup gördüler, beýikli-pesli, oýlary we alaňlary bolan ýolsuz meýdanlary külterlediler, günüň jöwzaly epgegine çydamaly boldular. “Garly ýoda” ralli-ýaryşyna gatnaşmagyň düzgünleri barada jikme-jik maglumaty şu taýdan alyp bilersiňiz.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanda ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça milli kampaniýa badalga aldy

Türkmenistanda ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça milli kampaniýa badalga aldy

16:35 Iýun 18, 2026
Eýran gury ýerdäki gaz känlerinde gaz çykarylyşyny artdyrýar

Eýran gury ýerdäki gaz känlerinde gaz çykarylyşyny artdyrýar

14:34 Iýun 18, 2026
Hazar deňzindäki bäsdeşlik: Gazagystanyň we Dagystanyň portlary hytaý ýüklerini öz ugruna gönükdirmegi meýilleşdirýär

Hazar deňzindäki bäsdeşlik: Gazagystanyň we Dagystanyň portlary hytaý ýüklerini öz ugruna gönükdirmegi meýilleşdirýär

14:30 Iýun 18, 2026